633
Sanly žurnalistika boýunça okuw maslahaty
11-nji oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Aşgabatdaky Merkeziniň gurnamagynda sanly žurnalistika boýunça okuw maslahaty öz işine başlady. Bu maslahat 11-14-nji oktýabr aralygynda geçiriler. Maslahata Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň wekilleri we Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň syýasy kommunikasiýa we internet žurnalistikasy hünäriniň talyplary gatnaşdylar.
Sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen maslahatda çykyş edenler žurnalistika ugurda bilim alýan hünärmenleriň ukyp-başarnyklaryny ýokarlandyrmak maksady bilen öz materiallary bilen tanyşdyrdylar. Şeýle-de, maslahatyň dowamynda gyzykly sorag-jogaplar alşyldy.
Bägül JUMAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyby.