30/11/-0001
593
Sanly ulgam arkaly geçirilen iňlis dili dersi boýunça bäsleşik
2022-nji ýylyň 20-nji aprelinde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň guramagynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda sanly ulgam arkaly iňlis dili boýunça yglan edilen bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi.
Bäsleşigiň jemleýji tapgyry «Sanly çözgüt – IT meýdança» hojalyk jemgyýetiniň binasynda geçirilip, jemleýji tapgyra I – tapgyrda, ýagny ýokary okuw mekdeplerde ýeňiji bolan talyplar gatnaşdy.
Bäsleşigiň birinji tapgyryna Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň hem talyplarynyň birnäçesi gatnaşyp, olardan oňyn netije görkezenleri jemleýji tapgyra gatnaşmaga hukuk gazandylar. Jemleýji tapgyra Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara gatnaşyklary fakultetiniň talyplary Rahmet Soltanow, Baýnazar Nepesow we Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň talyby Resul Gylyjow gatnaşdylar.
Rahmet SOLTANOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara
gatnaşyklary fakultetiniň III ýyl talyby.