30/11/-0001
556
“Salar Babanyň “Jamyg-ut taryh” eseri we dünýä taryhy” atly halkara maslahaty
2022-nji ýylyň 21-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Dünýä medeniýeti” ÝUNESKO klubynda BMG-niň bilim, ylym we medeniýet boýunça edarasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariatynyň we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň gurnamagynda “Salar Babanyň “Jamyg-ut taryh” eseri we dünýä taryhy” atly halkara onlaýn maslahaty geçirildi.
Bu maslahata BMG-niň bilim, ylym we medeniýet boýunça edarasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariatynyň we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň, Azerbaýjan Respublikasynyň Nyzamy Genjewi adyndaky Edebiýat institutynyň, Türkiýe Respublikasynyň Ankara, Balykesir, Ege we Pamukkale uniwersitetleriniň, Estoniýa Respublikasynyň Tallin uniwersitetiniň we Birleşen Arap Emirlikleriniň Kasymyýe uniwersitetiniň professor-mugallymlary, alymlary, şeýle hem Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymlary hem-de talyplary gatnaşdylar.
Maslahatda çykyş edenler Salar baba Gulaly ogly Harydarynyň “Jamyg-ut taryh” eseriniň ähmiýeti dogrusynda bellemek bilen, onuň ÝUNESKO-nyň “Dünýä hatyrasy” atly Maksatnamasyna gymmatly golýazma mirasy hökmünde girizilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny biragyzdan tassykladylar we goldadylar. Salar Babanyň “Jamyg-ut taryh” eseri taryhy golýazma bolup, diňe bir türkmen alymlary däl, eýsem daşary ýurtly bilermenler üçin hem gymmatly gollanma hasaplanýar. Häzirki döwürde BMG-niň bilim, ylym we medeniýet boýunça edarasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariaty we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty bu taryhy eseri gorap saklamak we dünýäde giňden wagyz etmek maksady bilen, golýazmany ÝUNESKO-nyň “Dünýä hatyrasy” atly Maksatnamasynyň sanawyna girizmek boýunça degişli işleri alyp barýar. Salar baba Gulaly ogly Harydarynyň “Jamyg-ut taryh” eseriniň bu sanawa girizilmegi onuň bütin dünýäde ähmiýetini has-da artdyrar.
Aýbölek KAKABAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň V ýyl talyby.