01/09/2023
2130
Salam, täze okuw ýyly!
Ýanwar aýy täze ýyly alyp gelýän bolsa, sentýabrda täze okuw ýylyna gadam basylýar. 1-nji sentýabr — Bilimler we talyp ýaşlar güni! Gör, bu güne näçe ynsan sabyrsyzlyk bilen garaşýar?! Mugallymlar, okuwçylar, ak mekdebiň gapysyny kakan körpejeler, talyplar... Çünki ilkinji basgançaklardan başlap, soňsuzlyga uzap gidýän ylmyň başky ädimleri, elbetde, durmuşymyzyň täze sahypasy bolan bilim ojaklaryndan başlanýar. Däp bolşy ýaly, güýz paslynyň ilkinji gününde ýurdumyzyň orta, ýörite orta we ýokary okuw mekdeplerinde 2023-2024-nji okuw ýylynyň başlanýandygyny buşlaýan ilkinji jaň ýaňlandy.
Baýramçylyk dabaralary Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hem giňden ýaýbaňlandyryldy. Ir säher bilen institutyň öňündäki meýdançada baýramçylyk hem-de ýokary ruhubelentlik ýagdaýy emele geldi. Dabarada, ilki bilen, Türkmenistanyň Döwlet Senasy ýaňlandy. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli iberen Gutlagyny okamagy türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebiniň talyp ýaşlary üçin aýratyn täsirli boldy. Institutyň rektory Jumamyrat Gurbangeldiýew çykyş edip, ýaş nesil barada döwlet derejesinde edilýän aladanyň öz miwesini berýändigine ünsi çekdi.
Dabarada instituta ilkinji gezek gadam basan talyplaryň ýerine ýetiren edebi-sazly kompozisiýasynda Magtymguly Pyragynyň edebi keşbine, onuň mizemez şygyrlaryna uly ornuň berilmegi şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygyna taýýarlyk görülýän döwürde örän ähmiýetlidir. Munuň özi talyp ýaşlaryň Gündogaryň beýik akyldarynyň döredijiligi bilen içgin gyzyklanýandyklarynyň aýdyň beýany boldy. Parahatçylygyň simwoly hökmünde ak kepderileriň uçurylmagy, dürli dillerde beýan edilen ýürek buýsançlary baýramçylyk dabarasynyň şowhunyny has-da artdyrdy. Ýaş diplomatlaryň mekdebi tarapyndan guralan «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň II möwsüminiň ýeňijileriniň öňe saýlanyp durmagy dabara ýakymly öwüşgin çaýdy. Asylly däbe görä, institutyň uçurym ýyl talyplary okuwa täze kabul edilen ýaşlara ylymlar dünýäsine gadam urmagyň özboluşly nyşanyny hem-de talyp şahadatnamasyny gowşurdylar.
Tolgundyryjy minutlar gelip ýetdi — ilkinji jaň nobatdaky okuw ýylynyň başlanandygyny mälim etdi. Şu ajaýyp pursatlardan soň, talyplar «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» ady bilen geçirilen täze okuw ýylynyň ilkinji okuw sapagyna gatnaşdylar.
Täze okuw ýylyňyz gutly bolsun, eziz mugallymlar, talyp deň-duşlar!
Atamyrat ÝAZWELIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyby.
Şeýle hem bu barada şu ýerden
okap bilersiňiz: