514
Saglyk – bagtly durmuşyň açary!
2022-nji ýylyň 14-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň professor-mugallymlarynyň gatnaşmagynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Bu çäräniň esasy maksady talyp ýaşlary sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermek, lukmançylyk derman serişdeleri, olaryň düzümi, niýetlenilişi, käbir derman serişdeleriniň adam bedenine ýetirýän zyýanlary, zyýanly endikler dogrusynda tanyşdyrmakdan ybarat bolup durýar.
Hususan-da, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň professor-mugallymlary Ş.Wellanowanyň, O.Taňňyýewanyň, S.Amanowanyň öz çykyşlaryny suratlar arkaly görkezmegi, talyp ýaşlarda täsir galdyryp, olaryň saglyk durmuş ýörelgelerine eýermekde ugrukdyryjy hökmünde çykyş edýändigini aýratyn bellemek zerurdyr.
ARSLAN SYÝAHATOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň II ýyl talyby.