536
Sagdyn zenan – sagdyn nesliň kepili
2021-nji ýylyň 21-nji oktýabrynda “Arkadagyň göreldesi – sagdyn durmuş ýörelgesi” atly onlaýn arkaly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Bu çärä Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň zenan mugallymlary, talyp gyzlary gatnaşdylar.
Bu ýokary okuw mekdepleriniň ilkinji Zenanlar guramalarynyň ýolbaşçylary tarapyndan guralan çärede “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň durmuşa ornaşdyrylyşy, ýaşlaryň arasynda ýörgünli bolan internet tory arkaly berilýän maglumatlaryň we oýunlaryň täsiri, ýadawlyk ýüze çykanda özüňi alyp barmagyň usullary, zenanlaryň maşgaladaky orny, ýokanç kesellere garşy göreşmekde alnyp barylýan işler hem-de hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy-ensiklopedik kitabyndaky dermanlyk ösümliklerden melhemleriň taýýarlanyşy we olaryň peýdasy, dem alyş ýoly arkaly geçýän ýokanç keselleriň öňüni alyş çäreleri barada belläp geçdiler. Şeýle-de çykyş edenler arassaçylygyň adam ellerinden başlanýandygy barada aýtmak bilen elleriňi wagtly-wagtynda ýuwup ýa-da antiseptik zyýansyzlandyryş serişdelerini ulanmagyň ähmiýetini düşündirdiler.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar döredilýän ähli şertler, mümkinçilikler üçin hormatly Prezidentimiziň adyna hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Gülruh GELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň I ýyl talyby.