30/11/-0001
561
Sagdyn ýaşlar – bagtyýarlygyň daýanjy
2022-nji ýylyň 5-nji aprelinde Bütindünýä Saglyk güni mynasybetli Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Talyplar sport klubunyň guramagynda «Sagdyn ýaşlar – bagtyýarlygyň daýanjy» şygary astynda aýdym-sazly dabara geçirildi. Dabaranyň çäklerinde sportuň dürli görnüşleri boýunça görkezme çykyşlar hem-de ýaryşlar guraldy. Sport çäräniň dowamynda ýokary okuw mekdebiniň talyp ýaşlarynyň hem-de professor-mugallymlarynyň gatnaşmagynda welosipedli ýörişler geçirildi. Ýokary okuw mekdebiniň oglanlary öz aralarynda sportuň woleýbol görnüşi boýunça ýaryşdylar.
Sagdyn durmuş ýörelgesi hormatly Prezidentimiziň alyp barýan durmuş syýasatynyň esasyny düzýär. Ýurdumyzda sportuň ähli görnüşleriniň döwrebap derejede ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär. Sportuň ekologiýa taýdan arassa görnüşi bolan welosiped sporty soňky ýyllarda ýurdumyzda ilatymyzyň beden saglygyny berkitmekde möhüm orny eýeleýär. Häzirki wagtda döwletimiziň ýaşlary sagdyn durmuş ýörelgesine eýerip, bedenterbiýe we sport bilen giňden meşgullanýarlar. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň sport meýdançasynda guralan sport ýaryşlary hem muny aýdyňlygy bilen görkezýär. Şeýle sport çäreleriniň geçirilmegi ýurdumyzyň sagdynlygyň we bagtyýarlygyň mekanydygyny bütin dünýä äşgär edýär.
Beggeldi GUTLYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara
hukugy fakultetiniň talyby.
Soňky täzelikler
23/11/2024
“MILLI MIRASYMYZ – EGSILMEZ GUWANJYMYZ”23/11/2024
Onlaýn okuw – usuly maslahaty geçirildi