19/10/2022
717
“Sagdyn nesil – sagdyn jemgyýet” atly wagyz-nesihat duşuşygy
2022-nji ýylyň 19-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň bilelikde gurnamaklarynda “Sagdyn nesil – sagdyn jemgyýet” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Bu duşuşyga Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň professor mugallymlary we talyp ýaşlary, şeýle hem Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň Baş müdirliginiň Hukuk üpjünçilik bölüminiň, Türkmen döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň, Aşgabat şäher Saglygy goraýyş müdirliginiň, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Aşgabat şäher Polisiýa müdirliginiň wekilleri gatnaşdylar.
Çäraniň esasy maksady, öz gözbaşyny asyrlardan alyp gaýdýan türkmen halkynyň maşgala mukaddesligini gorap saklamakda ata-babalarymyzyň, ene-mamalarymyzyň toplan baý mirasyny, milli däp-dessurlaryny, edepli-ekramly, gujur-gaýratly nesilleri terbiýelemek adatlaryny wagyz etmekden ybarat bolup durýar. Çykyşlarda köp ýyllaryň dowamynda dowam edip gelýän milli däp-dessurlary, öňden gelýän adatlary geljekki nesillere ýetirmekde ýaşlaryň öňünde uly wezipeleriň durýandygy bellenildi. Çäräniň ahyrynda duşuşyga gatnaşyjylar ýurdumyzyň gülläp ösmegini ugrunda bimöçber işleri durmuşa geçirýän Arkadagly Serdarymyza, Gahryman Arkadagymyza sag bolsun aýtdylar.
Gülnar ÖRÄÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.