30/11/-0001
613
“Rus dili – milletara gatnaşyklaryň serişdesi” atly bäsleşik
2022-nji ýylyň 2-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Dünýä dilleri kafedrasynyň “Lingvo World” gurnagynyň guramagynda 2021-2022-nji okuw ýylynyň gyşky dynç alyş möwsümini guramaçylykly we netijeli geçirmek maksady bilen fakultetara “Rus dili – milletara gatnaşyklaryň serişdesi” atly zehin bäsleşigi geçirildi. Rus dilinde geçirilen bäsleşigiň maksady – talyplaryň dil başarnyklaryny, sözleýiş endiklerini ösdürmekden, BMG boýunça düşünjelerini ýokarlandyrmakdan ybaratdyr.
Talyplardan düzülen dört topar şu şertler boýunça bäsleşdiler:
1) Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutyny rus dilinde tanyşdyrmak;
2) Türkmenistanyň Konstitusiýasyndan bir parçany türkmen dilinden rus diline terjime etmek;
3) “Paýhas çeşmesi” kitabyndan nakyllary türkmen dilinden rus diline terjime etmek;
4) Birleşen Milletler Guramasy barada soraglara jogap bermek;
5) Teksti okap, tekst boýunça soraglara jogap bermek.
Dünýä dilleri kafedrasynyň mugallymlaryndan düzülen emin agzalary ýeňijileri yglan etmekde öran adalatly çemeleşdiler. Netijede, 1-nji orna Halkara žurnalistikasy fakultetiniň topary, 2-nji orna Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň topary, 3-nji orna Halkara gatnaşyklary fakultetiniň topary mynasyp boldy.
Sona HALYKOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.