30/11/-0001
572
REDAKSIÝADA MYHMANÇYLYKDA
2022-nji ýylyň 30-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň «Ýaş diplomatyň sesi» atly metbugat – elektron gazetiniň döredijilik toparynyň talyplary Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň «Biznes reklama» gazetiniň redaksiýasynda önümçilik okuw sapagyny geçdiler.
«Biznes reklama» gazetiniň baş redaktory Seýitmyrat Geldiýew talyplary redaksiýanyň döredijilik işgärleri bilen tanyşdyrdy. Önümçilik okuw sapagynyň başynda halypa žurnalist Gurbannazar Orazgulyýew žurnalistikanyň esaslary, žanrlarynyň aýratynlyklary barada giňişleýin gürrüň berdi. Duşuşygyň dowamynda gazetiň işleriniň gidişi, makediň taýýarlanylyşy, makalalaryň gazet sahypalaryna ýerleşdirilişi görkezildi. Gazetiň jemi sahypasy 16 sahypadan ybarat bolup, her sahypasy dürli pudaklara niýetlenendir. Bu gazetiň makalalary türkmen hem-de rus dillerinde neşir edilýär.
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine degişli bolan «Biznes reklama» gazetini br.com.tm internet salgysynyň üsti bilen elektron görnüşinde okap bolýar. Türkmen, iňlis hem-de rus dillerindäki makalalar ýerleşdirilen bu saýtda «Baş sahypa», «Resmi habarlar», «Söwda we hyzmat», «Ýerli önümçilik», «Jahan habarlary», «Arhiw» ýaly bölümler bolup, olarda gazetiň her sanynda çap edilen habarlar elektron görnüşinde ýerleşdirilýär. Saýtyň «Arhiw» bölüminde bolsa gazetiň pdf nusgalaryny ýükläp almak mümkinçiligi bar.
Talyp ýaşlaryň nazaryýetde alýan bilimleriniň önümçilik okuw sapaklarynyň üsti bilen berkidilmegi örän uly ähmiýete eýedir. Çünki şeýle önümçilik sapaklarynyň geçirilmegi talyplaryň bilim alýan hünär ugrundan has-da kämilleşmegine uly itergi berýär.
Dünýägözel ÇARYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň
III ýyl talyby.