03/10/2024
1268
“ECOCLUB” GURNAGYNYŇ ILKINJI DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
2024-nji ýylyň 3-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Dünýä dilleri kafedrasynyň guramagynda “EcoClub” gurnagynyň ilkinji duşuşygy geçirildi. Bu gurnak talyplaryň dil baýlygyny kämilleşdirmek, tebigatyň gözelligine we daşky gurşawy goramaga bolan endigi terbiýelemek, sungata bolan gyzyklanmany döwrebap tehnologiýalaryň üsti bilen ösdürmek maksady bilen döredildi. Duşuşygyň barşynda gurnagyň ýolbaşçylary – institutyň Dünýä dilleri kafedrasynyň mugallymy Joşua Tilton we Maýa Çaryýewa prezentasiýalaryň üsti bilen gurnagyň agzalaryny meýilleşdirilen çäreler bilen tanyşdyrdylar.
Duşuşygyň ahyrynda talyplar “EcoClub” gurnagyny kämilleşdirmekde öz tekliplerini beýan etdiler.
Ogulnäzik RAHMANOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň III ýyl talyby.
Soňky täzelikler
01/05/2026
YLMY-DÖREDIJILIK MASLAHATY GEÇIRILDI
30/04/2026
SURAT ÇEKMEK BÄSLEŞIGI GEÇIRILDI
29/04/2026
ÝAŞ ŽURNALISTLER ÜÇIN OKUW SAPAGY GURALDY