01/09/2023
1031
BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda Türkmenistanyň ileri tutjak ugurlaryna umumy syn
Türkmenistan abraýly halkara, sebit we döwletara hyzmatdaşlyk mehanizmlerine işjeň gatnaşmak bilen, parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetiniň
pugtalandyrylmagyna uly goşant goşýar, deňeçerli we jebisleşdiriji halkara gün tertibiniň yzygiderli durmuşa geçirilmegine ýardam berýär. Şunuň bilen baglylykda,
Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen maksada okgunly we uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygy ýurdumyzyň daşary syýasatynyň strategik ugry bilen üpjün edilýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan hoşniýetli goňşuçylyga, özara hormat goýmaga, deňhukuklylyga we dünýäniň ähli döwletleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyga esaslanýan Bitaraplyk syýasatyny dowam eder. Döwletimiziň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan gelip çykýan esasy ýörelgeler, ýagny ählumumy parahatçylygyň we howpsuzlygyň pugtalandyrylmagy, hoşmeýilli erk-islege esaslanýan dost-doganlyk gatnaşyklarynyň giňeldilmegi, dünýäde durnukly ösüşiň üpjün edilmegi mundan beýläk-de Garaşsyz türkmen döwletiniň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bolar.
Türkmenistanyň Bitarap döwlet hökmünde özboluşly halkara hukuk ýagdaýy, çäk taýdan amatly ýerleşmegi we uly serişdeler kuwwaty, parahatçylyk döredijilik işinde gazanan baý tejribesi, döwletara meseleleriň parahatçylykly ýollar arkaly çözülmegine ygrarlylygy dünýä we sebit derejesinde pikirleri hem-de teklipleri netijeli ilerletmäge mümkinçilik berýän zerur şertler bolup durýar. Şunda häzirki döwrüň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmakda we çözmekde Türkmenistanyň eýeleýän netijeli hem-de işjeň orny döwletimize özara ynanyşmak, düşünişmek, deňhukuklylyk ýagdaýynyň pugtalandyrylmagyna, ähli döwletleriň, halklaryň bähbitleriniň deňeçerliginiň üpjün edilmegine ýardam berýän ählumumy prosesleriň doly hukukly gatnaşyjysy hökmünde özüniň ýokary derejesini saklamaga mümkinçilik berýär.
Şunuň bilen baglylykda, däp bolşy ýaly, Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň nobatdaky 78-nji mejlisiniň açylmagynyň öňüsyrasynda geljekki döwür üçin döwletimiziň ileri tutýan garaýyşlaryny işläp taýýarlady. Öz üstüne alan halkara borçnamalaryny durmuşa geçirmegi işjeň dowam etmek bilen, Türkmenistanyň täze başlangyçlary syýasy diplomatik, energetika, ekologiýa we ynsanperwer häsiýetli meselelerini öz içine alýan ählumumy ösüşiň binýatlaýyn ugurlary boýunça netijeli dialogy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga gönükdiriler. Öňde boljak mejlisiň barşynda döwletimiz Türkmenistanyň Prezidentiniň ählumumy we sebit meseleleri boýunça öňe sürýän halkara başlangyçlaryny durmuşa geçirmegi dowam eder.
BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisiniň dowamynda alyp barjak işinde Türkmenistan bitaraplyk, goşulyşmazlyk, gapma-garşylyklaryň parahatçylykly, syýasy ýollar arkaly çözülmegine ygrarlylyk ýörelgelerinden ugur alar. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan köp ýyllaryň dowamynda BMG we onuň ýöriteleşdirilen agentlikleri hem-de institutlary bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde birnäçe möhüm başlangyçlary öňe sürdi. Bu gün Türkmenistan BMG-niň Tertipnamasynyň ýörelgeleri we halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalary esasynda, ählumumy ösüşiň möhüm ýagdaýlaryny we meýillerini nazara almak bilen, global howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak mümkinçiligini ara alyp
maslahatlaşmaga girişmegi teklip edýär.
“Merkezi Aziýa – BMG ” görnüşindäki inklýuziw, doly derejeli we ulgamlaýyn dialog bilen baglylykda, Türkmenistan Guramanyň howandarlygynda Merkezi Aziýada we onuň bilen goňşy zolaklarda Howpsuzlyk boýunça maslahaty döretmek başlangyjy bilen çykyş edýär. Sebitde durnukly, gapma-garşylyksyz ösüşi üpjün etmekde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we dünýä jemgyýetçiliginiň, halkara guramalaryň, maliýe we ykdysady institutlaryň tagallalaryny ýakynlaşdyrmaga we utgaşdyrmaga gönükdirilen çemeleşmeleri we çözgütleri işläp taýýarlamak bu Maslahatyň esasy maksadydyr. Türkmen tarapy maslahatyň birinji mejlisini 2024-nji ýylda Aşgabatda geçirmäge taýýardygyny beýan edýär. Azyk meselesini çözmekde BMG-ä goldaw bermek Türkmenistanyň durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça alyp barýan işiniň ýene-de bir möhüm ugurlarynyň biridir. Şulardan ugur alyp, Türkmenistan BMG-niň howandarlygynda hem-de Bütindünýä Azyk Maksatnamasy, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy, BMG-niň Çagalar Gaznasy, Azyk we Oba Hojalyk Guramasy bilen hyzmatdaşlykda Azyk howpsuzlygy boýunça iri halkara forumyny çagyrmagy teklip edýär.
Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparynyň çäklerindäki köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak maksady bilen, 2023-nji ýylyň dekabr aýynda Aşgabatda Bitaraplygyň dostlary toparynyň ýokary derejedäki nobatdaky duşuşygyny geçirmek, şeýle hem 2024-nji ýylyň dekabr aýynda Aşgabatda Bitaraplygyň dostlary toparynyň Halkara maslahatyny guramak teklip ediler.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan Aşgabat şäherinde Bitaraplyk we onuň bilen baglanyşykly meseleler boýunça ylmy barlaglary we işleri geçirmek üçin netijeli meýdança boljak Bitaraplyk we Howpsuzlyk institutyny döretmek mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşmagy teklip edýär.
Şeýle hem, Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň “Üznüksiz, durnukly we ygtybarly energiýa mobilligi we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki onuň aýratyn orny” atly Kararnamany kabul etmek mümkinçiligine seretmegi teklip edýär. Kararnamanyň taslamasynyň çäklerinde 2025-nji ýylda Aşgabatda “Durnukly energetika hemmeler üçin” atly halkara maslahaty geçirmek mümkinçiligi göz öňüne tutuldy.
Türkmenistan ulag ulgamyndaky halkara gatnaşyklary işjeňleşdirmäge 78-nji mejlisiň çäklerindäki işiniň ileri tutulýan ugry hökmünde garaýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan birnäçe başlangyçlar, ýagny BMG-niň Baş Assambleýasynyň “Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasynda arabaglanyşygy berkitmek” atly Kararnamasynyň taslamasyny taýýarlamak, BMG-niň Ykdysady we durmuş meseleleri boýunça departamenti bilen bilelikde, 26-njy noýabryň “Bütindünýä durnukly ulag güni” diýlip yglan edilmegi mynasybetli Aşgabat prosesiniň çäklerinde Baş Assambleýanyň durnukly ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça Ýokary derejeli mejlisini geçirmek, şeýle hem 2023-nji ýylyň dekabr aýynda Durnukly ulag boýunça dostlar toparynyň ýokary derejedäki birinji duşuşygyny geçirmek teklibi bilen çykyş eder.
Türkmenistanyň Baş Assambleýanyň 78-nji mejlisiniň çäklerinde dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni çekjek ýene-de bir möhüm ugurlarynyň biri hem ekologiýa meselesidir. Howanyň üýtgemeginiň we suw serişdeleriniň rejeli peýdalanylmagynyň meseleleri bu mesele bilen berk baglanyşyklydyr.
Hazar meselesi boýunça netijeli hyzmatdaşlygy nazara almak bilen, Türkmenistan “Hazar ekologik başlangyjyny” döretmek baradaky teklibi hödürleýär. Bu başlangyç Hazar deňziniň daşky gurşawyny, onuň bioserişdelerini gorap saklamak, birnäçe ekologik meseleleri çözmek bilen baglanyşykly ugurlaryň giň toplumy boýunça hyzmatdaşlyk üçin halkara meýdança bolup hyzmat eder. Merkezi Aziýada parahatçylygy, howpsuzlygy we hoşniýetli goňşuçylygy üpjün etmek, şeýle hem sebitiň serhetýaka derýalarynyň suwuny peýdalanmagyň mehanizmlerini ýola goýmak maksady bilen, Merkezi Aziýa ýurtlarynda suw serişdelerinden peýdalanmagyň meseleleri boýunça baş edarasy Aşgabat şäherinde ýerleşýän BMG-niň Sebit geňeşini döretmek başlangyjyna seretmek teklip edilýär.
Medeniýetleriň arasyndaky dialogy ilerletmek hem-de BMG-niň Baş Assambleýasynyň halkara gatnaşyklarda köpdürlüligi goldamak boýunça Kararnamalaryny durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistan 2024-nji ýylda ÝUNESKO hem-de TÜRKSOÝ bilen bilelikde, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna gabatlap, Türki dilleriň halkara hepdeligini geçirmegi, şeýle hem BMG-niň Baş Assambleýasynyň “Bütindünýä türki dilleriniň güni” atly Kararnamasyny kabul etmek mümkinçiligine seretmegi teklip edýär.
Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň çäklerinde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmäge, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge gönükdirilen möhüm başlangyçlary öňe sürmek bilen, ählumumy gün tertibiniň derwaýys meseleleri boýunça mundan beýläk-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlyga taýýardygyny beýan edýär we şunda Birleşen Milletler Guramasynyň işiniň esasyny düzýän parahatçylyk we adalatlylyk taglymlaryndan ugur alar.
Batyr ESENOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň III ýyl talyby.
Soňky täzelikler
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI