30/11/-0001
556
"Petrofac" iňlis kompaniýasynyň wodorod energiýasyny ösdürmek boýunça tejribesine bagyşlanan onlaýn duşuşyk
2022-nji ýylyň 1-njy iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Beýik Britaniýanyň "Petrofac" kompaniýasynyň wodorod energiýasynyň önümçiligi bilen bagly tejribesini öwrenmek hem-de bu ugurda hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak üçin wideo aragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi.
Ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri energetika diplomatiýasydyr. Bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde yzygiderli işler alnyp barylýar.
Duşuşyga Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň, "Türkmenhimiýa", "Türkmengaz" we "Türkmennebit" döwlet konsernleriniň, Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň wekilleri, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar.
Duşuşygyň dowamynda wodorody öndürmegiň tehnologik aýratynlyklary, tebigy gazdan wodorody almagyň usullary we «Petrofac» kompaniýasynyň Türkmenistanda amala aşyrýan energetik taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Batyr ESENOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň I ýyl talyby.