
229
Paýtagtymyzyň «Ylham» we «Atatürk» seýilgählerinde gezelenç we söhbetdeşlik
2025-nji ýylyň 28-nji maýynda Türkmenistan Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Dünýä dilleri kafedrasynyň «EcoClub» gurnagynyň ýolbaşçysy we işjeň agzalary paýtagtymyzyň «Ylham» we «Atatürk» seýilgählerinde ýerli ösümlik we haýwanat dünýäsi baradaky bilimlerini çuňlaşdyrmak, şeýle hem tebigatymyza bolan söýgi we jogapkärçilik duýgulary ösdürmek maksady bilen gezelenje gitdiler.
Gurnagyň ýolbaşçysy Maýa Çaryýewa tarapyndan guralan bu çäre biodürlüligi goramagyň ähmiýeti we ekologiki deňagramlylygy saklamakda her bir adamyň orny barada giriş sözi bilen başlandy. Soňra talyplar seýilgählerde gezelenç etdiler, şol babatda ösümlikleriň we haýwanlaryň dürli görnüşlerine syn etdiler, özara täsirlerini öwrendiler we ýerli ekosistemanyň öňünde durýan meseleler bilen tanyşdylar. Bu çäräniň maksady talyplara diňe bir nazary bilim bermek bilen çäklenmän, tebigatyň gözelligini we gymmatyny görkezmek, daşky gurşawy goramak üçin işjeň hereketlere ylham bermekdir. Seýilgähde gezelenç etmek, hemme zady öz gözüň bilen görmek we tebigat bilen baglanyşygy duýmak üçin ajaýyp mümkinçilikdir.
Talyplar gezelençde «EcoClub» gurnagynyň indiki ýygnagynda hödürlenjek prezentasiýalary we hasabatlary döretmek üçin eskizleri ýasadylar, meýdan belliklerini aldylar we surata düşürdiler.
Şeýle çäreleri geçirmek diňe bir talyplaryň gözýetimini giňeltmek bilen çäklenmän, tebigatymyzyň goralmagyna ýardam berjek, ekologiýa taýdan jogapkär nesliň döremegine goşant goşýar. «EcoClub» gurnagy geljekde şular ýaly çäreleri geçirmegi, talyplaryň gözýetimlerini giňeltmegi we bu işe has köp talyp gatnaşdyrmagy meýilleşdirýär.
Aýsona AMANJAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyby.