Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Çäreler / «Paýhas çeşmesi – edep terbiýäniň gözbaşy» atly maslahat geçirildi
    «Paýhas çeşmesi – edep terbiýäniň gözbaşy» atly maslahat geçirildi surady
    30/11/-0001

    1030

    «Paýhas çeşmesi – edep terbiýäniň gözbaşy» atly maslahat geçirildi

    2022-nji ýylyň 26-njy maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda talyp-ýaşlaryň arasynda tertip-düzgüni, göwrümi uly bolmadyk gurluşlary (gajetleri) aşa köp ulanmak ýaly ýaşlaryň saglygyna ters täsirini ýetirýän ýaramaz endikleri aradan aýyrmak boýunça ýurdumyzyň bilim edaralarynda ýerine ýetirilmeli çäreleriň Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan tassyklanan Meýilnamasyna laýyklykda we milli ahlak ýörelgelerini ýaýbaňlandyrmak, ýol hereketiniň howpsuzlygyny berjaý etmekligi düşündirmek maksady bilen Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň wekilleriniň gatnaşmagynda «Paýhas çeşmesi – edep terbiýäniň gözbaşy» atly maslahat geçirildi.
    Maslahatda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň okuw işleri boýunça prorektory Gülşat Ýusupowa, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň polisiýanyň ýol gözegçiligi müdirliginiň müdiri, polisiýanyň podpolkownigi Annadurdy Jyrykow, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň wekili, polisiýanyň maýory Maksat Çaryýew, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni Merdan Nuryýew çykyş etdiler. Maslahata gatnaşyjylar talyp ýaşlaryň arasynda terbiýeçilik işlerini güýçlendirmekligi, olaryň ýüze çykýan nogsanlyklardan daşda durmagyny gazanmaklygy, hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramaklygy, hukuk bozulmalaryny duýdurmaklygy, jenaýatçylygyň öňüni almaklygy hem-de türkmeniň döwletlilik ýörelgeleri, milli däp-dessurlarymyzy, watansöýüjiligi, milli mirasymyza hormat goýmaklygy, zähmeti söýmekligi, arassa ahlaklylyk ruhunda terbiýelemekligiň täze many-mazmuna eýe bolýandygy barada öz çykyşlarynda belläp geçdiler.
    Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar eziz Diýarymyzy ösüşiň täze belentliklerine tarap alyp barmakda we sagdyn, watansöýüji ýaşlary kemala getirmekde amala aşyrýan beýik işleri üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk sözlerini aýtdylar.

    AÝNA BABAÝEWA,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara hukugy fakultetiniň II ýyl talyby.

    Soňky täzelikler

    GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ «HAKYDA GÖWHERI» ESERINE BAGYŞLANAN DUŞUŞYK surady

    04/06/2025

    GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ «HAKYDA GÖWHERI» ESERINE BAGYŞLANAN DUŞUŞYK
    Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli dabara surady

    31/05/2025

    Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli dabara
    TÜRKMENISTANYŇ HUKUK GORAÝJY EDARALARYNYŇ IŞGÄRLERINIŇ GATNAŞMAGYNDA WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI surady

    28/05/2025

    TÜRKMENISTANYŇ HUKUK GORAÝJY EDARALARYNYŇ IŞGÄRLERINIŇ GATNAŞMAGYNDA WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI