30/11/-0001
518
“Parahatçylyk medeniýeti” atly ÝUNESKO klubynyň agzalary bilen geçirilen maslahat
Türkmeniň döwletlilik ýörelgelerine, milli däp-dessurlaryna laýyklykda Gahryman Arkadagymyzyň, dowamatyny dowam edýän Arkadagly Serdarymyzyň çuňňur parasatly alyp barýan daşary we içeri syýasatynda milli bähbitlerimizi goramak, medeni diplomatiýanyň ugurlarynyň dünýä ýaýbaňlandyrylmagy üns merkezinde durýar. Berkarar döwletiň Täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlary döwletimiziň ähli pudaklarynda alnyp barylýan işlere ugrukdyrmak we çekmek öňde goýlan maksatlaryň berk binýady bolup durýar.
Durmuşa geçirilýän şeýle işleriň biri hökmünde 2022-nji ýylyň 11-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hereket edýän “Parahatçylyk medeniýeti” atly ÝUNESKO klubynyň agzalarynyň gatnaşmagynda maslahat geçirildi. Maslahatyň dowamynda ÝUNESKO klubyna agza bolmaklyga isleg bildirýän talyplaryň sanawy tassyklanyldy. Şunuň bilen birlikde 2022-2023-nji ýyllarda ýerine ýetirilmeli işler, öňde goýlan wezipeler we geçirilmeli çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy. Klubyň agzalarynyň ses bermegi bilen “Parahatçylyk medeniýeti” atly ÝUNESKO klubynyň ýolbaşçy düzümi saýlanyldy. Klubyň utgaşdyryjysy hökmünde Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň öwreniji mugallymy Aýgözel Aşyrowa, Geňeşiň başlyklygyna Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň uly mugallymy Aýna Baýmuradowa we Geňeşiň agzalary saýlanyldy. Maslahatyň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza türkmen halkynyň taryhyny, medeniýetini, sungatyny, milli mirasyny öwrenmekde, dünýä ýaýmakda döredilen giň mümkinçilikler üçin alkyş sözleri aýdyldy. “Parahatçylyk medeniýeti” atly ÝUNESKO klubynyň işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, agzalaryň pikirleri we teklipleri diňlenildi.
Döwletýar ARÇAMYRADOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň II ýyl talyby.