!["Parahatçylygyň ýaş çaparlary" atly akyl-paýhas bäsleşigine gatnaşmaga isleg bildiren mekdep okuwçylary üçin saýlap alyş test synagy barada BILDIRIŞ surady](https://iirmfa.edu.tm/images/posts/b2-8_1676544995.webp)
12/10/2022
504
"Parahatçylygyň ýaş çaparlary" atly akyl-paýhas bäsleşigine gatnaşmaga isleg bildiren mekdep okuwçylary üçin saýlap alyş test synagy barada BILDIRIŞ
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Ýaş diplomatlar mekdebinde 2022-2023-nji okuw ýylynyň dowamynda geçiriljek”Parahatçylygyň ýaş çaparlary” atly akyl-paýhas bäsleşigine gatnaşmaga isleg bildiren mekdep okuwçylary üçin saýlap alyş test synagynyň 2022-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda 15:00-da “onlaýn” görnüşde geçiriljekdigini mälim edýäris.
Test netijeleri boýunça iň oňat netijeleri görkezen dalaşgärler öňde duran bäsleşik tapgyrlaryna gatnaşmaga hukuk gazanarlar.
Testler şu salgylarda ýörite bellenilen otaglarda guramaçylykly görnüşde geçiriler:
1) Aşgabat şäheri we Ahal welaýaty boýunça- Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty;
2) Balkan welaýaty boýunça - Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Balkanabat bölüminde;
3) Lebap welaýaty boýunça - S.Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda;
4) Daşoguz welaýaty boýunça - Türkmen oba hojalyk institutynda;
5) Mary welaýaty boýunça - Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda.
Test üç ugur boýunça geçiriler:
a) Iňlis dili;
b) Dünýä taryhy;
c) Zehin-paýhas we häsiýet-psihologiki taýdan ukyp-başarnygy ýüze çykarmak.
Test 50 soragdan ybarat bolup, olary çözmäge 60 minut wagt berler.
Guramaçylyk topary
Habarlaşmak üçin: parahatchylygynchaparlary@gmail.com
Şeýle hem bu barada şu ýerden okap bilersiňiz!
Soňky täzelikler
![DALAŞGÄRLERIŇ DYKGATYNA! surady](https://iirmfa.edu.tm/images/posts/1721025472140967493-1000_1721045414.webp)
15/07/2024
DALAŞGÄRLERIŇ DYKGATYNA!