30/11/-0001
507
“Parahatçylygyň we howpsuzlygyň hatyrasyna talyp gyzlaryň seslenmeleri” atly talyp gyzlaryň dialogy geçirildi
2021-nji ýylyň 22-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Parahatçylygyň we howpsuzlygyň hatyrasyna talyp gyzlaryň seslenmesi” atly talyp gyzlaryň dialogy geçirildi. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi bilen bilelikde guralan bu duşuşyga, paýtagtymyzda ýerleşýän ýokary okuw mekdepleriniň talyp gyzlary we Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Milli toparyň jogapkär sekretary, Türkmenistanyň Gahrymany Çynar Rüstemowa, Türkmenistanyň Milli geňeşiniň Halk maslahatynyň agzasy Ogulmaral Hojaýewa, Magtymguly adyndaky drama teatrynyň sahna ussady Türkmenistanyň at gazanan artisti Gülşirin Annamyradowa, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň wekili Ogulgerek Gandymowa dagy gatnaşdylar.
Duşuşygyň dowamynda çykyş edenler “Zenanlar, parahatçylyk we howpsuzlyk” atly Durnukly ösüş maksatlarynyň 5-nji maksady bolan Gender deňligini durmuşa ornaşdyrmak babatynda öňe sürülýän şygar hem-de 2021-2025-nji ýyllar üçin “Sagdyn ene – sagdyn çaga – sagdyn geljek” atly Milli strategiýa barada gürrüň etdiler. Hormatly Prezidentimiziň “Enä tagzym – mukaddeslige tagzym” atly kitabyndan terbiýeçilik äheňdäki çykyş edenleriň beren maglumatlary talyp ýaşlaryň arasynda has möhüm orna eýe boldy.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýurdumyzy gülledip ösdürmek ugrunda tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň mundan beýläkde üstünliklere beslenmegini arzuw etdiler.
Uzukjemal ANNAMYRADOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň I ýyl talyby.
Soňky täzelikler
23/11/2024
“MILLI MIRASYMYZ – EGSILMEZ GUWANJYMYZ”23/11/2024
Onlaýn okuw – usuly maslahaty geçirildi