22/12/2025
68
ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ KONSTITUSIÝA GÜNÜNE BAGYŞLANYP GEÇIRILEN TEGELEK STOL DUŞUŞYGY
2025-nji ýylyň 22-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Özbegistan Respublikasynyň Konstitusiýa gününe bagyşlanyp “Özbegistan Respublikasynyň Konstitusiýasy ̶ hukuk döwletiniň we durnukly ösüşiň esasy” atly tegelek stol duşuşygy geçirildi. Oňa institutymyzyň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar.
Duşuşyk Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Gülşat Ýusupowanyň giriş sözi bilen başlady. Soňra Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Rawşanbek Alimow, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň professory, sosiologiýa ylymlarynyň doktory Öwezdurdy Muhammetberdiýew dagylaryň çykyşlary diňlenildi. Hormatly ilçi “Özbegistan Respublikasynyň täzelenen Konstitusiýasy ̶ düýpli özgertmeleriň hukuk binýady hökmünde” atly temada çykyş edip, bu taryhy resminama diňe bir döwlet dolandyryşyny kämilleşdirmek bilen çäklenmän, eýsem, jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda düýpli özgertmeleriň amala aşyrylmagy üçin berk binýat döredendigi barada nygtap geçdi.
Ilçi türkmen-özbek gatnaşyklarynyň taryhy barada belläp, Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň 1993-nji ýylyň 7-nji fewralynda ýola goýulandygyny aýtdy. Şondan bäri hem Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasynyň iri, ygtybarly hem ynamdar hyzmatdaşlarynyň birine öwrülendigi, Türkmenistanyň we Özbegistanyň hyzmatdaşlygy bu günki günde Merkezi Aziýa giňişliginde ýagdaýlaryň durnuklylygynyň hem-de ösüşiniň strategik şerti bolup çykyş edýändigi barada durup geçdi.
Tegelek stol duşuşygy iki döwletiň daşary syýasatdaky maksatlary hem-de wezipeleri umumadamzat bähbitlerinden, sebitde we dünýäde parahatçylygyň we ählumumy howpsuzlygyň üpjün edilmeginden ugur alýandygynyň aýdyň subutnamasy boldy.
Şyhdurdy ŞYHYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.
Soňky täzelikler
15/12/2025
Täsirli duşuşyk