04/03/2022
852
Özbegistan Respublikasynda geçirilen ýokary derejeli Halkara maslahat
2022-nji ýylyň 3-4-nji martynda Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky strategik we sebitara barlaglar institutynyň, Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň, BMG-niň Terrorçylyga garşy göreş müdirliginiň, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň guramagynda Özbegistan Respublikasynyň «Tashkent City» Halkara işewürlik merkeziniň Mejlisler jaýynda “Birleşen Milletler Guramasynyň Terrorçylyga garşy global strategiýasyny durmuşa geçirmek boýunça bilelikdäki meýilnamanyň çäginde Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda sebitleýin hyzmatdaşlyk” atly ýokary derejeli Halkara maslahaty geçirildi. Maslahat öz işine Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýüzlenmesiniň okalmagy bilen başlady. Soňra BMG-niň Baş sekretarynyň wideoýüzlenmesi, Baş sekretaryň orunbasary, BMG-niň Terrorçylyga garşy göreş müdirliginiň baştutanynyň çykyşy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretarynyň wideoýüzlenmesi, BMG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili we BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň baştutanynyň wideoýüzlenmesi, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretarynyň wideoýüzlenmesi, BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň Terrorçylyga garşy göreş müdirliginiň başlygynyň wideoýüzlenmesi diňlenildi. Halkara maslahatyň açylyşynda Türkmenistanyň DIM-niň orunbasary W.S.Hajyýew hem çykyş etdi.
3-nji martda günüň birinji ýarymynda Gazagystan Respublikasynyň premýer-ministriniň orunbasary – daşary işler ministri, Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministri, Gyrgyzystan Respublikasynyň daşary işler ministri çykyş etdiler. HHR-niň Özbegistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi, Fransiýanyň Daşary işler ministrliginiň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça ýörite wekili wideoýüzlenme bilen, ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň terrorçylyga garşy göreşmek boýunça utgaşdyryjysynyň wezipesini ýerine ýetirijiniň wideoýüzlenmesi, Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň wehimleriň we howplaryň meselesi boýunça Departamentiniň müdiriniň orunbasarynyň çykyşlar boýunça teswirleri diňlendi. Soňra Daşkent jarnamasy we Bilelikdäki hereketleriň meýilnamasy tassyklandy.
Günüň ikinji ýarymynda bölümçeleriň mejlisleri dowam etdi. «Terrorçylygy ýaýradyjy ýagdaýlary aradan aýyrmak» we «Terrorçylyga garşy göreşmek we öňüni almak» atly bölümçelerde edilen çykyşlar diňlenildi we olara teswirler berildi, sorag-jogap alşyldy. «Terrorçylygy ýaýradyjy ýagdaýlary aradan aýyrmak» atly 1-nji bölümçede Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory J.Gurbangeldiýew hem wideoaragatnaşyk arkaly öz teswiri bilen çykyş etdi.
ŞHG-niň terrorçylyga garşy sebitleýin düzümi tarapyndan «BMG-niň Terrorçylyga garşy global strategiýasynyň we BMG-niň Terrorçylyga garşy global strategiýasyny durmuşa geçirmek boýunça Merkezi Aziýa üçin bilelikdäki hereketleriň meýilnamasynyň düzgünlerini göz öňünde tutup, ŞHG giňişliginde terrorçylyga garşy hyzmatdaşlyk» atly goşmaça çäresi geçirildi.
ÝHHG tarapyndan «Uruş zolaklaryndan gaýdyp gelýän daşary ýurtly terrorçy söweşijileriň maşgalalary bilen işleşmegiň ýaşy we jyns taraplary» atly goşmaça çäresi geçirildi.
Agşam Özbegistan Respublikasynyň Hökümetiniň adyndan Halkara maslahata gatnaşyjylara dabaraly agşamlyk guraldy.
4-nji martda günüň birinji ýarymynda Özbegistan Respublikasynyň «Tashkent City» Halkara işewürlik merkeziniň Mejlisler jaýynda BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça müdirliginiň guramagynda “Terrorçylyga garşy göreş maksatnamalaryna BMG-niň ulgamynyň gysgaça haýyşy: Merkezi Aziýada mümkinçilikleri artdyrmak we tehniki kömek maksatnamalary” atly goşmaça çäresi geçirildi.
Soňra halkara maslahat öz işini «Terrorçylygyň öňüni almakda döwletleriň mümkinçiliklerini güýçlendirmek we BMG-niň ulgamynyň bu ugurdaky ähmiýetini giňeltmek», «Terrorçylyga garşy göreşde adam hukuklaryna we kanunyň hökmürowanlygyna ählumumy hormat goýulmagyny üpjün etmek» atly 3-nji we 4-nji bölümçelerde dowam etdirildi. Bölümçelerde edilen çykyşlara teswirler berildi, sorag-jogap alşyldy.
Jemleýji mejlisde 4 sany bölümçäniň moderatorlarynyň çykyşlary diňlendi. Maslahatyň dabaraly ýapylyşyndan soňra Halkara maslahatyna gatnaşyjylar üçin ÝHHG-niň adyndan dabaraly kabul edişlik guraldy.
Altyn MAGTYMOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara
gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň
mugallymy.
Şeýle hem bu barada şu ýerde okap bilersiňiz :