26/02/2024
1066
Owgan meselesi Daşkentde geçirilen halkara maslahatynyň temasy boldy
Ýaňy-ýakynda Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde “Owganystandaky häzirkizaman prossesler: Merkezi Aziýada getirjek netijeleri” ady bilen halkara maslahaty geçirildi. Özbegistandaky Dünýä ykdysadyýeti we diplomatiýasy uniwersitetiniň Perspektiw halkara barlaglary instituty tarapyndan gibrid formada gurnalan bu çärä Merkezi Aziýanyň, ýagny Özbegistanyň, Gazagystanyň, Gyryzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň şeýle-de Azerbaýjanyň, Owganystanyň we Birleşen Patyşalygyň analitikleri, syýasatşynaslary we alymlary gatnaşdylar. Sebitdäki suw meselesi, Owganystanda bosgun we gumanitar meselesi şeýle hem terrorizm we howpsuzlyk meseleleri maslahatyň temalary boldy.
Türkmenistandan wekil bolup galnaşan Daşary Işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Strategik barlaglar boýunça ylmy merkeziniň bilermeni D.Mämmedow öz çykyşynda, Amydarýanyň suw resurslaryny paýlaşmak we rejeli hem-de tygşytly peýdalanmak meselesi döwletara utgaşdyryjy suw-hojalyk komissiýasynyň, Merkezi Aziýa döwletleriniň baştutanlar geňeşiniň ýolbaşçylygyndaky Aral deňzini halas etmek baradaky halkara gaznasynyň çäginde gurluş bölüminiň çäklerinde şu güne çenli üstünlikli düzgünleşdirilip gelnendigini belledi. Çykyşda bellenilşine görä, häzirki wagtda Merkezi Aziýadaky suw gatnaşyklary 1992-nji ýylda Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan tarapyndan gol çekilen “Almaty şertnamasy” bilen düzgünleşdirilýär. Suw baýlyklaryny dolandyrmakda döwletara utgaşdyrmak topary möhüm rol oýnaýar. Komissiýa uzak möhletli suw üpjünçiligi meýilnamasyny düzýär we tassyklaýar.
Türkmen wekili “Suw we energiýa meseleleri boýunça konstruktiw gepleşikleri dowam etdirmegiň möhümdigini belläp, taraplar Amydarýa derýasynyň suw baýlyklaryndan tygşytly peýdalanmagyň möhümdigini aýtdy. Şol bir wagtyň özünde, howanyň üýtgemeginiň Amyderýanyň suw baýlyklaryna ýaramaz täsirleri bilen baglanyşykly täze wehimlere netijeli jogap bermek üçin köptaraplaýyn özara mehanizmleri kämilleşdirmek zerurdygyny bellendi.
Türkmen wekili häzirki döwürde sebit ýurtlary ilkinji nobatda umumy strategiýany, sebitiň suw tygşytlaýyş maksatnamasyny mümkin boldugyça tiz işläp düzmegiň wajypdygyny, bäş ýurduň sebit melioratiw we suwaryş hojalyklaryny täzeçe gurnamak boýunça borçnamalary öz üstüne almaly boljakdyklaryny nygtady.
Bilermen, suw resurslarynyň strategiki ähmiýete eýedigini, sebäbi Merkezi Aziýanyň suw howpsuzlygynyň energiýa, azyk we daşky gurşaw bilen aýrylmaz baglanyşyklydygyny mälim etdi we sebitdäki halklara mahsus bolan: “Suwuň gutarýan ýerinde gury ýer hem gutarýar” diýen nakyl bilen sözlerini jemledi.
Türkmenistanyň DIM-niň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Strategiki barlaglar boýunça ylmy merkezi