23/03/2024
475
ÖŇÜNI ALYŞ DIPLOMATIÝASY: parahatçylygyň hatyrasyna hyzmatdaşlygyň ýeňişli tapgyry
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda häzirki zamanyň halkara gatnaşyklary ulgamynda özüniň mynasyp we täsirli ornuny barha berkidýän Türkmenistan döwletimiziň öňe sürýän wajyp daşary-syýasy başlangyçlary barha giň goldawa eýe bolýar. Ýaňy-ýakynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň Nýu-Ýork şäherinde geçirilýän 77-nji sessiýasynyň 60-njy umumy mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy boýunça «Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi hem munuň aýdyň mysallaynyň biridir. Bu Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi şeýle hem, öňüni alyş diplomatiýasynyň ähmiýetiniň hem-de möhümdiginiň iň ýokary halkara derejesinde, ýagny Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda ykrar edilmegi bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň bu şanly waka mynasybetli Türkmenistanyň halkyna iberen Gutlagynda belleýşi ýaly, munuň özi ýurdumyzyň halkara abraýynyň ýokarydygynyň, döwletimiziň alyp barýan daşary syýasat ugrunyň netijelidiginiň hakykat ýüzündäki aýdyň beýanydyr.
Mälim bolşy ýaly, Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkezi Türkmenistanyň, has dogrusy Gahryman Arkadagymyzyň hut şahsy başlangyjy bilen 2007-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Aşgabatda döredildi. Bu merkeziň ýerleşjek ýeri hökmünde garaşsyz, hemişelik bitarap Türkmenistanymyzyň paýtagty Aşgabat şäheriniň saýlanylyp alynmagy dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi berkarar etmek işinde Türkmenistanyň uly bolmadyk taryhy döwrüň içinde BMG-niň ygtybarly hyzmatdaşyna öwrülenligini doly subut etdi.
Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi şu sebitde gabat gelýän serhetüsti howplaryň täsirlerini azaltmak, milli özgerişlikleriň sebitiň durnukly ýagdaýyna täsirleri azaltmak hem-de tebigy gorlaryň bilelikde dolandyrylmagy we ekologiki ýagdaýyň ýaramazlaşmagynyň öňüni almak ugrunda sebit döwletleriniň arasynda özara ynamy berkitmek we hyzmatdaşlygy jebisleşdirmek ugrunda işleri alyp barýar. Şeýle hem BMG-niň bu sebitleýin merkezi öz maksatlarynyň çäginde, ilkinji nobatda, sebit döwletleri hem-de beýleki halkara guramalary we sebitleýin guramalar bilen işjeň hyzmatdaşlygy amala aşyrýar.
Türkmenistanyň bitaraplyk ýörelgesi BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň ştab-kwartirasyny ýurduň paýtagty Aşgabat şäherinde ýerleşdirmek baradaky kararyň kabul edilmeginde möhüm ähmiýete eýe boldy. Bu merkez sebitde terrorçylyk we ekstremizm, neşeleriň bikanun dolanyşygy, guramaçylykly jenaýatçylyk we daşky gurşawyň ýaramazlaşmagy ýaly howplara garşy durmakda bilelikdäki tagallalara ýardam bermek maksady bilen, Merkezi Aziýanyň ýurtlarynyň konsensusynyň esasynda döredildi.
Bu Merkez BMG-niň sebit möçberinde öňüni alyş işine ýöriteleşdirilen ilkinji sebit düzümidir we ol dünýäniň beýleki sebitlerinde şeýle tagallalar üçin nusgalyk bolup durýar. Merkez esaslandyrylan gününden bäri geçen ýyllaryň dowamynda sebit döwletleriniň hökümetleri we beýleki hyzmatdaşlar bilen hereket edip, Merkezi Aziýanyň ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmegiň guraly we gepleşikler üçin meýdança hökmünde öz ýagdaýyny pugtalandyrdy. Bu ýyllarda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkezi Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek we ynanyşmagy berkitmek boýunça tagallalara işjeň gatnaşdy, şeýlelikde, gapma-garşylygyň döremek howpuny peseltdi.
Türkmenistanyň teklibi boýunça we BMG-niň Baş sekretarynyň çözgüdine laýyklykda, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň döredilmegi umumy sebit wehimlerine garşy durmaga, hyzmatdaş taraplar bilen jebis aragatnaşyklary saklamaga we hökümetlere ýardam bermeklige esaslanýan, BMG-niň öňüni alyş diplomatiýasyna täzeçe çemeleşmek bolup durýar. Ol BMG-niň we sebit bileleşiginiň, ilkinji nobatda, Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda şeýle Merkeziň zerurlygy hakynda, şonuň bilen bir hatarda-da, öňüni alyş diplomatiýasynyň parahatçylygy döretmäge maýa goýumy boljakdygyny görkezmäge taýýardyklaryna düşünmekligi we razylygy bilen berkidilendir.
Öňüni alyş diplomatiýasynyň çäreleri şu aşakdaky wezipeleri amala aşyrmak üçin esas bolup durýar:
Birinjiden – mümkin bolup biläýjek gapma-garşylygyň we onuň bilen baglanyşykly töwekgelçiligiň başlangyç döwründe, has ir öňüni almak.
Ikinjiden – bolup biläýjek gapma-garşylyk babatda netijeli we şoňa barabar öňüni alyş çärelerini saýlap almak.
Üçünjiden – öňüni alyş çärelerini amala aşyrýan taraplaryň arasyndaky ylalaşyklylygy üpjün etmek.
Dördünjiden bolsa – gapma-garşylykly meseleleriň çözülmegini onuň tüýs öz wagtynda, ýagny anyk hasaplamak arkaly, wagtyndan öň ýa-da wagtyndan gijä galmak bilen geçirilmegini aradan aýyrýan şertlerde üpjün etmek.
Türkmenistanyň daşary-syýasy strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biri bolan öňüni alyş diplomatiýasynyň derwaýys meselelerini ylmy-tejribe taýdan çuňňur öwrenmekde ýokary okuw mekdeplerinde we ylmy-barlag merkezlerinde zähmet çekýän ylmy-pedagogiki işgärler, şol sanda ýaş alymlar üçin hem giň mümkinçilikler açylýar. Hususan-da, öňüni alyş diplomatiýasynyň häzirki zaman meselelerine has çuňňur düşünmekde şöhratly ata-babalarymyzyň tejribeleri hem möhümdir. Mysal üçin, bu babatda Beýik Seljuklar döwletiniň söweş sungaty bilen bir hatarda, parahatçylygy dörediji öňüni alyş diplomatiýasy hem üns bermäge mynasypdyr.
Türkmenistanyň parahatçylyga we durnukly ösüşe gönükdirilen daşary syýasaty milli ösüş maksatnamalary üçin oňyn halkara hyzmatdaşlygy üçin zerur şertleri döretmek boýunça hem aýratyn wajyp wezipeleri ýerine ýetirýär. Munuň özi biziň döwletimiziň häzirki zamanyň ýönekeý bolmadyk we çalt üýtgeýän şertlerinde sanly ykdysadyýeti we industrial senagaty tutanýerli özleşdirýän, maýa goýum boýunça amatly we ygtybarly şertleri üpjün edýän, durnukly we ynamdar hyzmatdaş hökmündäki abraýyny berkitmeklige hyzmat edýär.
Ýokarda agzalan wezipeler şu günki gün hem örän derwaýys bolup durýar. Munuň şeýledigine, BMG-niň Baş Assambleýasynyň Nýu-Ýork şäherinde geçirilýän 77-nji sessiýasynyň 60-njy umumy mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy boýunça «Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi ýene bir gezek şaýatlyk edýär.
Begenç KARAÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň uly mugallymy,
filosofiýa ylymlarynyň kandidaty.