20/03/2024
770
Öňüni alyş diplomatiýasy akademiýasynyň okuw sapagy geçirildi
2024-nji ýylyň 19-njy martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebitleýin merkezinde Öňüni alyş diplomatiýasy akademiýasynyň nobatdaky sapagy geçirildi.
Bu sapaga Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkeziniň «Öňüni alyş diplomatiýasy» ugrunyň talyplary hem-de Öňüni alyş diplomatiýasy akademiýasynyň diňleýjileri gatnaşdylar.
Sapagyň dowamynda Sebitleýin merkeziň suw taslamasy boýunça hünärmeni Nataliýa Çemaýewa howanyň üýtgemi, suw meselesi, ekologiýa meselesi we durnukly ösüş maksatlary hakynda gürrüň berip, bu ugurda Sebitleýin merkeziň alyp barýan işleri barada belledi. Mundan başga-da, N.Çemaýewa gatnaşyjylara BMG-niň Ýewropa Ykdysady Komissiýasynyň «Serhetüsti suw akymlaryny we halkara köllerini goramak we peýdalanmak hakynda» Konwensiýasy we BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly Konwensiýasy hakynda hem gürrüň berdi.
Merkezde geçirilen okuw sapagynyň çäginde oňa gatnaşyjylar N.Çemaýewa özlerini gyzyklandyrýan soraglary berdiler.
Rahym AKMURADOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy.