47
OKUW SAPAGY GEÇIRILDI
2025-nji ýylyň 21-nji maýynda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasynyň sebit merkezinde BMG-niň Baş sekratarynyň Ýaşlar meselesi boýunça kömekçisi jenap Filipe Paullieriň we BMG-niň Ýaşlar meselesi boýunça edarasynyň maglumat seljeriş işleri boýunça hünärmeni jenap Tomas Maligiň alyp barmagynda okuw sapagy geçirildi. Okuw sapagyna Merkezi Aziýa ýurtlaryndan we Owganystan döwletinden Öňüni alyş diplomatiýasy akademiýasynyň diňleýjileri sanly ulgam arkaly gatnaşdylar. Şeýle hem bu okuw sapagyna Türkmenistanyň Daşary işler ministriliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň we ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlary gatnaşdylar.
Okuw sapagynyň dowamynda BMG-niň Ýaşlar meselesi boýunça edarasynyň wekiliýetiniň agzalary jenap Filipe Paullier we jenap Tomas Malik halkara gatnaşyklarynda we häzirki zaman global meselelerinde ýaşlaryň orny barada giňişleýin belläp geçdiler. Okuw sapagynyň ahyrynda gatnaşyjylar BMG-niň Ýaşlar meselesi boýunça edarasynyň wekiliýetiniň agzalaryndan özlerini gyzyklandyrýan soraglara giňişleýin jogap aldylar.
Guwanç ALIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň I ýyl talyby.