806
Okuw sapagy geçirildi
2021-nji ýylyň 7-nji iýunynda Türkmenistanyň Gruziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Döwletmyrat Muratow "Türkmenistanyň we Gruziýanyň arasyndaky ulag we ykdysady ugurlarda hyzmatdaşlyk" mowzugy boýunça Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplaryna wideoaragatnaşyk arkaly okuw sapagyny geçirdi. Bu okuw sapagy Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplarynyň diplomatiýa bilen bagly bilim derejesini has hem kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan gurnalýan toplumlaýyn onlaýn sapaklarynyň nobatdakysy bolup durýar. Okuw sapagy rus dilinde geçirilip, onuň dowamynda hormatly ilçi Gruziýanyň ulag we ykdysady ugurlarynyň geçmişi, şu güni we geljegi barada giňişleýin, gyzykly wakalaryň mysalynda gürrüň berdi. Wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçen okuw sapagyň dowamynda Türkmenistan bilen Gruziýa döwletleriniň arasyndaky "Owganystan –Türkmenistan-Azerbaýjan-Gruziýa-Türkiýe" halkara ulag-üstaşyr geçelgesiniň taslamasyny durmuşa geçirmek baradaky meseleleri orta atyldy we ol barada talyp ýaşlara gürrüň berildi.
Okuw sapagynyň ahyrynda talyplar hormatly ilçä Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky dostlykly we özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge gönükdirilen sowallary berdiler we bu ugurda özara pikir alyşdylar.
Gülruh ATABAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň III ýyl talyby.
Soňky täzelikler
03/07/2024
Ilçi bilen geçirilen duşuşyk06/03/2023
Hormatly myhman bilen duşuşyk22/02/2023
Ilçi bilen geçirilen duşuşyk