14/05/2024
685
OKUW SAPAGY GEÇIRILDI
2024-nji ýylyň 14-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda okuw sapagy geçirildi. Bu okuw sapagyna Türkmenistanyň Mejlisiniň Kada-kanunçylyk baradaky komitetiniň agzasy Jennet Öwekowa we institutymyzyň mugallymlary hem-de talyp ýaşlary gatnaşdylar.
2024-nji ýylyň 22-nji fewralynda Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň çykyşyndan gelip çykan wezipeler boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň içeri we daşary syýasy başlangyçlaryny kanunçylyk taýdan goldamak, şeýle hem raýat-hukuk gatnaşyklary babatda kanunçylygy kämilleşdirmek we talyplarda hukuk medeniýetini ösdürmek maksady bilen yzygiderli çäreler geçirilýär.
Okuw sapagynyň dowamynda Adam hukuklarynyň konstitusion hukuk esaslary barada we Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 28-nji maddasynda berkidilen “Türkmenistan adamyň we raýatyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň deňligini, şeýle hem milletine, teniniň reňkine, jynsyna, gelip çykyşyna, emläk hem wezipe ýagdaýyna, ýaşaýan ýerine, diline, dine garaýşyna, syýasy ynam-ygtykadyna ýa-da gaýry ýagdaýlara garamazdan, adamyň we raýatyň kanunyň we kazyýetiň öňündäki deňligini kepillendirýär” diýlip bellenilmeginiň ähmiýetini giňişleýin düşündirdi. Şeýle hem, Durnukly Ösüş maksatlary we BMG-niň Çagalary goramak baradaky gaznasynyň alyp barýan işleri barada gürrüň berdi. Okuw sapagynyň dowamynda talyp ýaşlar özlerini gyzyklandyrýan dürli sowallara jogap tapdylar.
Arslan GUWANÇMYRADOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy fakultetiniň III ýyl talyby.