12/02/2026
70
OKUW SAPAGY GEÇIRILDI
2026-njy ýylyň 12-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda K.D.Uşinskiý adyndaky Günorta Ukraina milli mugallymçylyk uniwersitetiniň Terjime, nazary we amaly lingwistika kafedrasynyň dosenti, filologiýa ylymlarynyň kandidaty hanym Elina Larinanyň gatnaşmagynda okuw sapagy geçirildi. Oňa institutyň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar.
Okuw sapagy “Diplomatyň kompetensiýasy hökmünde emosional intellekt” atly temada geçirildi. Sapakda bellenilişi ýaly, emosional intellekt diplomatyň özüniň we garşydaşynyň duýgularyna dogry düşünmek, olary dolandyrmak we çylşyrymly ýagdaýlarda dogry karar kabul etmek ukybydyr. Diplomatlar üçin medeniýetara aýratynlyklary göz öňünde tutmak, gepleşikler wagtynda duýgulary dogry beýan etmek we gapma-garşylyklary parahatçylykly ýol bilen dolandyrmak esasy hünär talaplarynyň biri hökmünde görkezildi.
Okuw sapagynyň dowamynda Türkmenistanyň baky Bitaraplyk statusynyň halkara hukugyndaky orny we ýurduň başlangyjy bilen kabul edilen BMG-niň Kararnamalarynyň ähmiýeti barada hem durlup geçildi. Geljekki diplomatlar üçin emosional hüşgärlik ýagdaýlary dolandyrmakda we “ýumşak güýç” arkaly döwletara gatnaşyklary berkitmekde esasy gural bolup hyzmat edýär. Tejribe alyşmalara baý bolan bu okuw sapagy talyplarda uly gyzyklanma döretdi. Şeýle okuwlar talyplaryň diplomatik etiketi, ýagdaýlara uýgunlaşmak we aragatnaşyk gurmak ukyplaryny kämilleşdirmekde möhüm sapak bolup hyzmat etdi.
Şyhdurdy ŞYHYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.