Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Habarlar / NOWRUZ GELDI ILIME
    NOWRUZ GELDI ILIME surady
    18/03/2021

    3592

    NOWRUZ GELDI ILIME

    Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gözel görki gül açýan eziz diýarymyz gün-günden ösýär, özgerýär. Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ata Watanymyz adamzat ösüşiniň belentliklerine tarap uly ynam, buýsanç bilen barýar. “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynananyşmagyň Watany” diýip atlandyrylan ýylda eşretli durmuşyň hözirini görýän halkymyzyň her bir güni şowhunly, şatlykly toýlara beslenýär, baýramlarymyz goşa-goşadan gelýär.

    Pasyllaryň soltany bolan baharyň gelmegi bilen tutuş tebigat janlanýar. Ajaýyp dünýäli bahar nurana baýramlaryň biri bolan Nowruz baýramynyň gelendigini buşlap, kalbymyzy iň gowy duýgulara besleýär. Bereketli türkmen topragynda ýylyň her bir pasly özüniň özboluşly owadanlygy, gaýtalanmajak gözellikleri bilen gelýär. Nowruzyň gelmegi bilen howa maýlaýar, tebigat ajaýyp görnüşe girýär.

    “Nowruz” sözi täze gün diýmegi aňladýar. Bu täze ýylyň başlangyjydyr. Ol gije bilen gündiziň deňleşýän wagtyna gabat gelýär. Öz näzik duýgularyny, süýji arzuw-hyýallaryny ýüreginde saklaýan gyzlar üçin bolsa nowruz gijesi aýratyn bir jadyly güýje eýe bolupdyr.

    Mälim bolşy ýaly, 2009-njy ýylyň 30-njy sentýabrynda 24 döwletiň goldamagynda Nowruz baýramçylygy ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. 2010-njy ýylyň fewral aýynda bolsa Türkmenistanyň, Türkiýäniň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Owganystan Yslam Respublikasynyň, Azerbaýjanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň teklip etmegi netijesinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 64-nji mejlisinde her ýylyň 21-nji martyny “Halkara Nowruz güni” diýip bellemek hakynda Rezolýusiýa kabul edildi.

    Nowruzda her bir öýde saçaklar giňden ýazylyp, türkmeniň datly milli tagamlary taýýarlanylýar. Semeni bolsa bu baýramçylygyň iň naýbaşy tagamlarynyň biridir. Sebäbi semeni bu baýramçylykda esasy we hokmany  taýýarlanylýan tagam bolup, ol baýramçylyk saçagynyň özboluşly bezegidir.Semeni diňe bir saçagyň bezegi bolman, eýsem, bol hasyllylygyň hem alamatydyr.

    Goý, Milli bahar baýramy halkymyza, bütin dünýä şatlyk, üstünlik we bolçulyk getirisin!

    Gülruh ATABAÝEWA,

    Türkmenistanyň Daşary işler

     ministrliginiň Halkara gatnaşyklary

     institutynyň Halkara žurnalistikasy

    fakultetiniň III ýyl talyby

    Soňky täzelikler

    Bütindünýä welosiped güni mynasybetli dabaralar geçirildi surady

    03/06/2025

    Bütindünýä welosiped güni mynasybetli dabaralar geçirildi
    HALKARA RUS DILINE BAGYŞLANAN BÄSLEŞIK surady

    03/06/2025

    HALKARA RUS DILINE BAGYŞLANAN BÄSLEŞIK
    ÇAGALARY GORAMAGYŇ HALKARA GÜNI MYNASYBETLI ONLINE  OKUW MASLAHATY GEÇIRILDI surady

    02/06/2025

    ÇAGALARY GORAMAGYŇ HALKARA GÜNI MYNASYBETLI ONLINE OKUW MASLAHATY GEÇIRILDI
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI