18/03/2022
652
NOWRUZ – DÖREDIJILIGIŇ YLHAM GÖNEZLIGI
2022-nji ýylyň 18-nji martynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda Milli bahar baýramy – Halkara Nowruz baýramçylygy mynasybetli Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekanynda Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň hem-de «Edebiýat we sungat» gazetiniň bilelikde guramagynda «Halkyň Arkadagly zamanasynyň bahar bagtyýarlygy» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Döredijilik çärä köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, halypa ýazyjy-şahyrlardyr žurnalistler, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň we Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň neşirýat-çaphana orta hünär okuw mekdebiniň talyp ýaşlary gatnaşdylar. Duşuşykda halypa ýazyjy-şahyrlar –– Türkmenistanyň Gahrymany, «Edebiýat we sungat» gazetiniň esasy ugurlar boýunça bölüm müdiri Gözel Şagulyýewa, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň uly mugallymy, ýazyjy Kömek Kulyýew, «Watan» gazetiniň bölüm redaktory, şahyr Ogultäç Oraztaganowa, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň 3-nji ýyl talyby Toýly Muhammetdurdyýew, «Altyn asyr» teleradioýaýlymynyň «Watan» radioýaýlymy boýunça jogapkär redaktory Nurberdi Dädebaýew, Türkmen Döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň mugallymy Juma Artykow, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Döwletgeldi Annamyradow, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň aspiranty Jeren Atabaýewa, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň 2-nji ýyl talyby Ogulmeňli Ýaraşowa, «Edebiýat we sungat» gazetiniň bölüm redaktory Süleýman Ilamanow, «Edebiýat we sungat» gazetiniň habarçysy Gülnabat Begenjowa, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň 3-nji ýyl talyby Maksat Çaryýew dagy çykyş etdiler.
Duşuşygyň başynda Türkmenistanyň Gahrymany, Gözel Şagulyýewa Halkara Nowruz baýramyny gutlamak bilen, ýaşlara gymmatly nesihatlary we öwüt-ündewleri berdi. Halypa ýazyjy-şahyrlar çeper döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlara zehin taýdan kämilleşmegi, žurnalistiň etikasy, ussat şahyrlar G.Ezizowyň we H.Kulyýewiň döredijilik aýratynlygy, prozada degişme žanrynyň şu güni, Halkara Nowruz baýramynyň dünýä ýaýrawy babatynda özleriniň gymmatly öwüt-nesihatlaryny we oý-pikirlerini aýdyp, ýurdumyzda ýaşlaryň we ösüp barýan nesilleriň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, ylymly-bilimli, ýokary düşünjeli adamlar bolup kemala gelmegi, şeýle-de, döredijilikli we yhlasly zähmet çekmekleri üçin ähli şertleriň döredilýändigi dogrusynda aýratyn belläp geçdiler. Talyp ýaşlar halypalaryň eden gyzykly çykyşlaryndan täsirlenip, özlerini gyzyklandyrýan sowallary bilen ýüzlendiler. Döredijilik duşuşygynyň dowamynda halypalaryň ýerine ýetirmeginde okalan şygyrlar oňa gatnaşyjy ýaşlarda ýakymly duýgulary döretdi.
Baýramçylyk çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimizi we bütin türkmen halkyny ýetip gelýän Halkara Nowruz baýramy bilen tüýs ýürekden gutladylar.
Merjen JUMAGYLYJOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara
žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyby.