476
Nemes dilini öwretmek boýunça wideo maslahaty
2021-nji ýylyň 12-nji martynda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda nemes dilini daşary ýurt dili hökmünde öwretmeklige bagyşlanan sanly ulgam arkaly usuly maslahaty geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň hem-de S.Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda daşary ýurt dilini okatmagyň we öwretmegiň maksatlary we usullary bilen baglanyşykly mowzuklar ara alnyp maslahatlaşyldy we degişli ugurdan giňişleýin sorag-jogap alyşmaga mümkinçilik döredildi. Sanly ulgam arkaly geçirilen usuly maslahat tejribe alyşmaga we mugallymlaryň hünärlerini kämilleşdirmäge ýardam etdi.
Gerwin Maag, DAAD-yň utgaşdyryjysy,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
nemes dili mugallymy