30/11/-0001
591
Millilik – nesil terbiýesiniň özeni
2022-nji ýylyň 20-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Türkmenistanyň Döwlet edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda ýaş nesliň ählitaraplaýyn ösen, beden we ruhy taýdan sagdyn, bilimli-ylymly bolmagyny gazanmak, ata-babalarymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala getiren mertlik, edermenlik, watansöýüjilik, halallyk, ruhubelentlik, päkýüreklilik, arassa ahlaklylyk, zähmetsöýerlik ýaly häsiýetleri ýaşlarda terbiýelemek hem-de olarda milli mirasymyza bolan sarpany kemala getirmek maksady bilen “Millilik – nesil terbiýesiniň özeni” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Wagyz-nesihat çäresinde çykyş edenler nesil terbiýesiniň aýratynlyklary, ýagny häzirki zaman türkmen jemgyýetinde milli ruhda terbiýelenen ýaşlary kemala getirmek, olary giň dünýägaraýyşly, kämil, ruhubelent, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerýän şahsyýetler bolup ýetişdirmek, döwletiň, jemgyýetiň, ene-atanyň we maşgalanyň öňündäki wezipe borçlary, milli mirasymyza hormat goýmak, zähmete söýgi döretmek, maşgala mukaddesligi, arassa ahlaklylyk barada nygtap geçdiler.
Şeýle hem, wagyz-nesihat çäresine gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyzyň “Ýaşasyn parahat durmuş!” atly goşgusyna salgylanyp, beýan edilýän öwüt-ündewleri her kimiň durmuş ýolunda berjaý etmelidikleri barada bellediler.
Annagözel MEKANOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň II ýyl talyby.