30/11/-0001
521
MILLI LIDERIMIZIŇ KÖPUGURLY SYÝASATYNY ŞÖHLELENDIRÝÄN TÄZE NEŞIRLERIŇ ÄHMIÝETINE BAGYŞLANAN MASLAHAT
2022-nji ýylyň 24-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň uly mejlisler zalynda «Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara habar beriş serişdelerine beren interwýulary», «Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy», «Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň 15-nji sammiti» atly syýasy kitaplaryň çap edilmegi mynasybetli ylmy-amaly maslahat geçirildi.
Maslahata institutyň professor-mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.
Maslahatda çykyş edenler kitaplarda öz beýanyny tapan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilik hem-de hoşniýetli goňşuçylyk syýasaty, onuň sebit we halkara hyzmatdaşlyga, Merkezi Aziýada ýakynlaşmak işine goşan düýpli goşandy barada gürrüň etdiler. Ylaýta-da, Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyny bellän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýip, atlandyrylan ýylymyzyň awgust aýynda geçen Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň, noýabr aýynda geçen Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammitiniň ähmiýeti aýratyn nygtaldy. Şeýle-de geçen ýylyň dowamynda Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli hormatly Prezidentimiziň «MIR» döwletara teleradiokompaniýasynyň, TASS agentliginiň, «TRT world» teleýaýlymynyň žurnalistlerine beren interwýulary, olarda ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllaryndaky syýasy, ykdysady, medeni ugurlar boýunça gazanylan üstünlikleriň beýany barada giňişleýin durlup geçildi.
Şeýle-de maslahata gatnaşyjylar «Halkyň Arkadagly zamanasy» şygary astynda geçýän şu ýylda neşir edilen täze kitaplaryň häzirki we geljekki nesiller üçin Watanymyzyň şanly taryhyny açyp görkezýän gymmatly miras boljakdygyny bellediler.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar milli Liderimize alyp barýan içeri we daşary syýasaty üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler hem-de köpugurly, giň möçberli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdiler.
Sülgün NEPESOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň mugallymy.