25/03/2026
74
MEÝLETINÇILER ÜÇIN ONLAÝN OKUW SAPAGY GEÇIRILDI
2026-njy ýylyň 25-nji martynda 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany ýyly» diýlip yglan edilmegi, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň bellenilmegi, şeýle hem ýurdumyzyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda (GDA) başlyklyk etmegi mynasybetli ýurdumyzda geçirilmegi meýilleşdirilýän dürli derejedäki halkara syýasy, ylmy, medeni we sport çärelerinde ýardam etjek meýletinçileri we terjimeçileri taýýarlamak boýunça geçirilmegi meýilleşdirilýän çärelere meýletinçileri taýýarlamagyň okuw maksatnamasyna laýyklykda onlaýn okuw sapagy geçirildi. Okuw sapagynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň uly mugallymy, Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Nurberdi Amanmyradow “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy we hemişelik Bitaraplyk syýasaty. Türkmenistanyň halkara abraýy” atly tema bilen çykyş edip, halkara gatnaşyklarynda diplomatiýanyň orny dogrusynda giňişleýin gürrüň berdi. Oňa Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň, şol sanda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplaryndan saýlanan meýletinçiler gatnaşdylar.
Okuw sapagynyň dowamynda meýletinçi talyplar halypa diplomata özlerini gyzyklandyrýan sowallaryny berdiler we anyk jogaplary aldylar. Okuw sapagy meýletinçi talyp ýaşlaryň halkara gatnaşyklary we diplomatiýa boýunça bilimlerini artdyrmakda ähmiýetli boldy.
Ýusup ORAZOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.