Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
        • HALYPA MUGALLYMYŇ GATNAŞMAGYNDA YLMY-DÖREDIJILIK MASLAHATY GEÇIRILDI
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • BILIM ULGAMYNDA TÜRKMEN-ÝAPON HYZMATDAŞLYGYNA BAGYŞLANAN DUŞUŞYK
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • BÜTINDÜNÝÄ «BRAÝL» HARPLYGYNYŇ GÜNI
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
        • Täsirli duşuşyk
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
        • Взгляд на 2026 год лидеров США, России и Китая
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Media
    Esasy / Habarlar / Media topar bilen sanly ulgam arkaly okuw sapagy geçirildi
    Media topar bilen sanly ulgam arkaly okuw sapagy geçirildi
    Media topar bilen sanly ulgam arkaly okuw sapagy geçirildi
    Media topar bilen sanly ulgam arkaly okuw sapagy geçirildi
    20/01/2026

    69

    Media topar bilen sanly ulgam arkaly okuw sapagy geçirildi

    2026-njy ýylyň 20-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda şu ýylyň 11-nji fewralynda Aşgabat şäherinde geçirilýän Türkmenistanyň «Arkadag» futbol kluby bilen Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» toparynyň arasynda AFC-2 Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň ilkinji duşuşygyny şöhlelendirmek maksady bilen ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinden gatnaşjak ýörite habarçylar (media) toparynyň ýaş wagyzçylary bilen sanly ulgam arkaly okuw sapagy geçirildi. Oňa «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda geçiriljek köpçülikleýin sport we medeni çäreleri köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde şöhlelendirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Нalkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň žurnalistika hünärinde bilim alýan zehinli talyplaryndan we halkara derejesinde geçirilen çärelere işjeň gatnaşýan, tejribeli mugallymlardan ybarat bolan habarçylar (media) toparynyň agzalary sanly ulgam arkaly gatnaşdylar.
    Okuw sapagyny «Halkara gatnaşyklarda ýurdumyzyň sport diplomatiýasynyň ösüşi» atly tema boýunça Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Talyplaryň sport klubynyň ýokary derejeli tirgenleşdiriji mugallymy Atamyrat Geldimämmedow alyp bardy. Halypa mugallym öz çykyşynda sport diplomatiýasynyň ähmiýeti barada nygtap, Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň sport ulgamyndaky gazanan ösüşleri, ylaýta-da, onuň halklary dostlaşdyrmakdaky, döwletleriň we halklaryň arasynda parahatçylygy we agzybirligi syýasy nukdaýnazardan ýola goýmakdaky orny, şeýle-de türgenleri, tälimçileri we janköýerleri birek-birege ysnyşdyrýan, dost-dogan bolmaga çagyrýan, ygtybarly täsir ediji güýç hökmündäki aýratynlygy barada täsirli gürrüň berdi.
    Şeýle-de okuw sapagynyň dowamynda 2026-njy ýylda geçiriljek Döwlet maksatnamasynda meýilleşdirilen çäreleri guramaçylykly şöhlelendirmek barada guralýan ýörite okuw sapaklary diňe bir çäreleriň ýokary derejede geçirilmegine däl, eýsem, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň pugtalanmagyna, dost-doganlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine-de saldamly goşant goşjakdyklaryna ynam bildirildi.
    Sanly ulgam arkaly geçirilen okuw sapagynynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar döredilýän ähli mümkinçilikler üçin adamzady dostluga, dünýäni parahatçylyga çagyrýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

    Aýşirin DÖWLETOWA,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.

    Soňky täzelikler

    Media topar bilen maslahat geçirildi surady

    19/01/2026

    Media topar bilen maslahat geçirildi
    WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI surady

    16/01/2026

    WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
    «PARAHATÇYLYGYŇ ÝAŞ ÇAPARLARY»: V MÖWSÜMIŇ III SAÝLAMA OÝNY surady

    14/01/2026

    «PARAHATÇYLYGYŇ ÝAŞ ÇAPARLARY»: V MÖWSÜMIŇ III SAÝLAMA OÝNY
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2026 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI