
30/10/2024
501
MEDIA SOWATLYLYGY BOÝUNÇA OKUW GEÇIRILDI
2024-nji ýylyň 29-30-njy oktýabrynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Aşgabatdaky Merkeziniň binasynda media sowatlylygy boýunça instruktorlar üçin okuw geçirildi. Ol Daşary işler ministrliginiň, ÝHHG-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň hem-de Döwlet habarlar agentliginiň bilelikde guramagynda geçirildi. Çärä käbir ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň, syýasy institutlaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriň žurnalistika hünäriniň, şol sanda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymlary hem gatnaşdylar.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan ÝHHG bilen ynsanperwer ugurdaky, hususan-da, ylym we bilim ulgamyny ösdürmek boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygy netijeli ösdürýär. Hyzmatdaşlygyň çäklerinde degişli ugurlarda milli hünärmenler bilen okuw maslahatlary, duşuşyklar, bäsleşikler yzygiderli geçirilýär. Şu gezekki media sowatlylygy boýunça instruktorlar üçin guralan okuw hem milli hünärmenleriň žurnalistik başarnyklaryny ýokarlandyrmakdan ybaratdyr.
ÝHHG-niň bilermenleri degişli tema esaslanyp, media sowatlylygy ýokarlandyrmak, žurnalistik materiallary taýýarlamak, onlaýn platformalary netijeli peýdalanmak boýunça gymmatly maslahatlary berdiler. Okuw sapagy sowal-jogap esasynda täsirli geçdi.
Oguloraz EÝEBERDIÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasynyň
uly mugallymy.