14/04/2023
1836
Media giňişliginiň möhüm meselelerine bagyşlanan duşuşyk
2023-nji ýylyň 14-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynda «Halkara habarlar ulgamyndaky
hyzmatdaşlygyň täze görnüşleri» atly tegelek stol duşuşygy geçirildi. Oňa
Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň bilermenleri, dünýä
döwletleriniň iri habarlar agentlikleriniň Türkmenistandaky habarçylary, daşary
ýurtlaryň Türkmenistandaky Ilçihanalarynyň metbugat atteşeleri, meşhur elektron
neşirleriň hem-de beýleki habar beriş serişdeleriniň, ýurdumyzyň daşary syýasat
edarasynyň wekilleri, institutda ýokary bilim alýan geljekki halkaraçy žurnalistler
gatnaşdylar.
Duşuşyk iki sessiýadan ybarat bolup, birinji sessiýa «XXI asyrda maglumat
durnuklylygynyň meseleleri» diýlip atlandyryldy. Onuň dowamynda jemgyýetdäki
habar beriş serişdeleriniň we maglumat sowatlylygynyň ugurlary, ygtybarsyz
habarlara garşy göreşmek boýunça dünýä tejribesi, nädogry habarlara garşy
göreşmek, ýaşlaryň maglumat sowatlylygyny ýokarlandyrmak, durnukly maglumat
giňişligini döretmekde döwletiň orny ýaly birnäçe meseleler boýunça çykyşlar
diňlenildi.
Birinji sessiýa tamamlanandan soň, duşuşyga gatnaşyjylar daşary syýasat
neşirleriniň ýöriteleşdirilen sergisine aýlanyp gördüler.
«Sosial torlaryň agalyk edýän döwründe alnyp barylýan maglumat syýasaty»
diýlip atlandyrylan ikinji sessiýada maglumat giňişligindäki sosial torlaryň orny,
sosial torlary medeni gatnaşyklaryň guraly hökmünde ulanmagyň görnüşleri, sanly
tehnologiýalar döwründe syýasy jemgyýetçilik bilen arabaglanyşygyň görnüşleri
ýaly birnäçe temalarda täsirli çykyşlar edildi. Abraýly media wekilleri öz
çykyşlarynda Türkmenistanda žurnalistleriň netijeli işlemegi üçin ähli
mümkinçilikleriň döredilendigini aýratyn nygtap geçdiler.
Halkara duşuşykda gozgalan meseleler, dogrudan-da, döwrüň orta
çykarýan meseleleri. Sebäbi barha tilsimatlaşýan döwür adamdan hem deň
gopmagy talap edýär. Şol sanda şeýle mazmunly çäreleri dünýä
ýetirmekde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üstüne uly paý düşýär.
Bu barada tegelek stol duşuşygynyň dowamynda geçirilen sorag-jogap
görnüşindäki söhbetdeşlikde giňişleýin durlup geçildi.
Atamyrat ÝAZWELIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň I ýyl talyby.
Bu barada şu ýerde hem okap bilersiňiz:
https://turkmenistan.gov.tm/tk/habar/71511/asgabatda-media-ginisliginin-mohum-meseleleri-ara-alnyp-maslahatlasyldy