Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
        • Tarafsızlık politikasının barışçıl yaratıcı gücü ve tarafsızlık doktrini
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • TÄSIRLI GEÇEN DUŞUŞYK
      • Saparlar
        • Bilim ulgamyndaky türkmen-rus hyzmatdaşlygy
        • Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň ylym-bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy: täze mümkinçilikler
      • Ilçileriň leksiýalary
        • ARGENTINANYŇ ÝURDUMYZDA TÄZE BELLENEN ILÇISINIŇ GATNAŞMAGYNDA OKUW SAPAGY GEÇIRILDI
      • Halkara günler
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Sosial media
      • TikTok
      • Instagram
    • Media
    Esasy / Habarlar / MEDENIÝETLERIŇ RUHY ARABAGLANYŞYGY: ÝAPON WE HYTAÝ DILLERI GÜNI
    MEDENIÝETLERIŇ RUHY ARABAGLANYŞYGY:  ÝAPON WE HYTAÝ DILLERI GÜNI
    MEDENIÝETLERIŇ RUHY ARABAGLANYŞYGY:  ÝAPON WE HYTAÝ DILLERI GÜNI
    MEDENIÝETLERIŇ RUHY ARABAGLANYŞYGY:  ÝAPON WE HYTAÝ DILLERI GÜNI
    MEDENIÝETLERIŇ RUHY ARABAGLANYŞYGY:  ÝAPON WE HYTAÝ DILLERI GÜNI
    MEDENIÝETLERIŇ RUHY ARABAGLANYŞYGY:  ÝAPON WE HYTAÝ DILLERI GÜNI
    24/04/2026

    23

    MEDENIÝETLERIŇ RUHY ARABAGLANYŞYGY: ÝAPON WE HYTAÝ DILLERI GÜNI

    2026-njy ýylyň 24-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda dowam edýän «Diller – dostluk çemeni» atly hepdeligiň çäklerinde ýapon we hytaý dilleri güni mynasybetli dabaraly çäre geçirildi. Bu çäre talyplaryň gündogaryň gadymy medeniýetlerine bolan gyzyklanmasyny artdyrmakda we dilleriň üsti bilen halkara dostluk köprülerini has-da berkitmekde täsirli pursatlara beslendi.
    Çäräniň dowamynda myhmanlary Ýaponiýanyň özboluşly taryhy we milli gymmatlyklary bilen tanyşdyrmak maksadynda ýörite sergi guralyp, onda ýapon halkynyň tebigata bolan sarpasyny alamatlandyrýan Sakura agajynyň gözelligi hem-de milli tagamlaryň inçelikleri hakyndaky görkezmeler gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy. Şeýle-de, ýapon halkynyň ruhy dünýäsiniň aýrylmaz bölegi bolan nepis çaý ýasamak sungatynyň taryhy we pelsepesi talyplar tarapyndan janly görnüşde tanyşdyryldy.
    Dabara gatnaşan talyp ýaşlar Ýaponiýanyň häzirki zaman ylym-bilim ösüşi we ýapon diliniň özboluşly aýratynlyklary barada taýýarlan multimediýa prezentasiýalary bilen çykyş edip, dürli ieroglifleri okamagyň we ýapon taýajyklaryny ulanmagyň tärleri boýunça guralan gyzykly oýunlar arkaly özleriniň intellektual başarnyklaryny hem-de dile bolan ukyplaryny açyp görkezdiler.
    Günüň iň täsirli pursatlarynyň biri hökmünde türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň dünýä dillerine terjime edilen «Türkmeniň» atly goşgusynyň ýapon dilinde çeper okalmagy, iki dostlukly halkyň arasyndaky ruhy we medeni arabaglanyşygyň belentdigini ýene bir ýola subut etdi. Şeýle-de, talyplar tarapyndan ýapon dilinde ýokary çeperçilik bilen ýerine ýetirilen «Sakura» aýdymy dabaranyň şowhunyny has-da artdyryp, gatnaşyjylara medeni lezzet berdi.
    «Diller – dostluk çemeni» atly hepdeligiň ýapylyş çäresinde bolsa, dil hepdeliginiň dowamynda geçirilen dürli bäsleşiklerde we medeni çärelerde özüniň işjeňligi hem-de daşary ýurt dillerini öwrenmäge bolan aýratyn höwesi bilen tapawutlanan talyp ýaşlara ýörite sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

    Dünýägözel BABAHANOWA,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Dünýä dilleri kafedrasynyň mugallymy.

    Soňky täzelikler

    ÝAŞ ŽURNALISTLER ÜÇIN OKUW SAPAGY GURALDY surady

    29/04/2026

    ÝAŞ ŽURNALISTLER ÜÇIN OKUW SAPAGY GURALDY
    MEKDEP OKUWÇYLARYNYŇ ARASYNDA DERS OLIMPIADASYNYŇ II TAPGYRY GEÇIRILDI surady

    27/04/2026

    MEKDEP OKUWÇYLARYNYŇ ARASYNDA DERS OLIMPIADASYNYŇ II TAPGYRY GEÇIRILDI
    “ÝAŞLAR HALKARA HUKUGYNY BERKITMEGIŇ UGRUNDA” ATLY GEÇIRILEN DIALOG surady

    24/04/2026

    “ÝAŞLAR HALKARA HUKUGYNY BERKITMEGIŇ UGRUNDA” ATLY GEÇIRILEN DIALOG
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2026 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI