870
Halkara güne bagyşlanan bäsleşik
2023-nji ýylyň 25-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Parahatçylyk medeniýeti” ÝUNESKO klubynyň gurnamagynda “Dialog we ösüşiň hatyrasyna medeni dürlüligiň Halkara güni” mynasybetli bäsleşik geçirildi. Bu bäsleşige türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebiniň taýýarlygyň ugry boýunça bakalawr we hünär toparlarynyň 1-nji ýyl talyplary gatnaşdylar. Bäsleşik iki şertden ybarat bolup, toparlar saýlap alan döwletiniň medeniýetini açyp görkezmek, şeýle-de milli tagamlaryny taýýarlamak boýunça bäsleşdiler. Bäsleşigiň netijeleri boýunça Baş baýraga institutymyzyň Halkara žurnalistikasy, I orna Halkara ykdysady gatnaşyklary, II orna Halkara gatnaşyklary, III orna Halkara ykdysadyýeti hünärleriniň 1-nji ýyl talyplary mynasyp boldular. Ýaryşda ýeňiji bolan toparlaryň talyplary hormat hatlary bilen sylaglandylar.
Zybagözel HALDURDYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň I ýyl talyby.