Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Habarlar / Medeni diplomatiýanyň beýik ýeňşi
    Medeni diplomatiýanyň beýik ýeňşi surady
    30/11/-0001

    798

    Medeni diplomatiýanyň beýik ýeňşi

    2022-nji ýylyň 10-njy fewralynda Türkmenistanyň Oguzhan adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde “Dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň” ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi.

    Maslahat Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň we Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň bilelikde gurnamagynda geçirildi. Oňa degişli edaralaryň wekilleri, Oguzhan adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.

    Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni Merdan Nuryýew, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariatynyň meýletinçisi hökmünde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara gatnaşyklary fakultetiniň IV ýyl talyby Jemal Rematullaýewa, Türkmenistanyň Oguzhan adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy Perhat Çaryýew we şol uniwersitetiň Innowasiýalaryň ykdysadyýeti fakultetiniň II ýyl talyby Aýjan Tekäýewa çykyş etdiler. Olar Hormatly Prezidentimiziň hoşniýetli medeni diplomatiýasynyň halkara giňişliginde gazanýan beýik ýeňişleri, şeýle-de türkmen dutarynyň halkara ykrarnama eýe bolup, Umumadamzat mirasynyň aýrylmaz bölegine öwrülmegi hem Gahryman Arkadagymyzyň ata-babalarymyzdan miras galan gymmatlyklarymyzy gorap saklamak, olary dikeltmek we bütewiligi bilen ösüp gelýän ýaş nesillere ýetirmek, milli mirasymyzyň halkara abraýyny, mertebesini has hem beýgeltmek ugrunda edýän taýsyz tagallalarynyň aýdyň netijesidigi, türkmen halkynyň gaýtalanmajak, özüne çekiji ruhy gymmatlyklaryny baýlaşdyrmak we dünýä ýaýmak ýaşlaryň öňünde duran gaýragoýulmasyz wezipedigi dogrusynda giňişleýin gürrüň berdiler.

    Dabaraly maslahatyň dowamynda uniwersitetiň “Oguzlar” döredijilik toparynyň sazandalarynyň uly höwes hem-de ýokary ussatlyk bilen ýerine ýetiren aýdym-sazlary gatnaşyjylarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy.

    Maslahata gatnaşanlar türkmen halkynyň milli mirasynyň dünýä giňişligindäki abraýyny, mertebesini belende göterýän Gahryman Arkadagymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

    Jemal Rematullaýewa,

    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

    Halkara gatnaşyklary institutynyň

    Halkara gatnaşyklary fakultetiniň IV ýyl talyby.

    Soňky täzelikler

    Bütindünýä welosiped güni mynasybetli dabaralar geçirildi surady

    03/06/2025

    Bütindünýä welosiped güni mynasybetli dabaralar geçirildi
    HALKARA RUS DILINE BAGYŞLANAN BÄSLEŞIK surady

    03/06/2025

    HALKARA RUS DILINE BAGYŞLANAN BÄSLEŞIK
    ÇAGALARY GORAMAGYŇ HALKARA GÜNI MYNASYBETLI ONLINE  OKUW MASLAHATY GEÇIRILDI surady

    02/06/2025

    ÇAGALARY GORAMAGYŇ HALKARA GÜNI MYNASYBETLI ONLINE OKUW MASLAHATY GEÇIRILDI
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI