Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
        • HALYPA MUGALLYMYŇ GATNAŞMAGYNDA YLMY-DÖREDIJILIK MASLAHATY GEÇIRILDI
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • BILIM ULGAMYNDA TÜRKMEN-ÝAPON HYZMATDAŞLYGYNA BAGYŞLANAN DUŞUŞYK
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • BÜTINDÜNÝÄ «BRAÝL» HARPLYGYNYŇ GÜNI
        • Halkara epidemiýa garşy taýýarlyk güni: ählumumy howpsuzlygyň kepili
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
        • Взгляд на 2026 год лидеров США, России и Китая
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Media
    Esasy / Habarlar / Maslahat geçirildi
    Maslahat geçirildi surady
    24/05/2021

    1041

    Maslahat geçirildi

    2021-nji ýylyň 25-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda 2021-nji ýylyň 29-njy ýanwarynda Türkmenistan, Täjigistan Respublikasy, Özbegistan Respublikasy bilen bilelikde Beýik Ýüpek ýolunyň Zerewşan-Garagum geçelgesiniň şahalaryny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni we tebigy mirasynyň sanawyna bilelikde hödürlemek, dolandyrmak we goramak hakynda Ylalaşyga gol çekilmeginiň ähmiýetine bagyşlanan maslahat geçirildi. Institutyň Halkara ykdysady gatnaşyklary fakulteti tarapyndan guralan bu maslahata “Ýaş ykdysatçylar” ylmy gurnagynyň agzalary, institutynyň mugallymlary gatnaşdylar.
    Maslahatda Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň müdiriniň w.w.ý.ý.,uly mugallym P.Çaryýew, kafedranyň uly mugallymy B.Mesow, kafedranyň öwreniji mugallymy G.Berdiýew we beýlekiler çykyş edip, hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda bu taryhy fenomeniň tutuş adamzat siwilizasiýasynyň ösüşine ähmiýetli täsirini ýetiren özboluşlylyk hökmünde nygtap aýtdylar.
    Şeýle-de maslahatyň çäklerinde Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyna bagyşlanan prezentasiýa bäsleşiginiň jemi jemlendi. Bäsleşikde Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 4-nji ýyl talyby T.Ballyýewa 1-nji orna, şol fakuletetiniň 2-nji ýyl talyby M. Hojamyradow 2-nji orna, şol fakultetiň 3-nji ýyl talyby D.Tejenow 3-nji orna, şol fakultetiň 1-nji ýyl talyby B.Berdiýewa 3-nji orna mynasyp boldular. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň adyndan 1-nji, 2-nji, 3-nji orunlara mynasyp bolanlar bolsa ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
    Maslahata gatnaşyjylar ýaşlary ylym bilen meşgullanmaga giňden çekmekde berýän çäksiz goldawlary üçin hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar.

    Ogulbagt ATAÝEWA,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň
    1-nji ýyl talyby.

    Soňky täzelikler

    WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI surady

    16/01/2026

    WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
    «PARAHATÇYLYGYŇ ÝAŞ ÇAPARLARY»: V MÖWSÜMIŇ III SAÝLAMA OÝNY surady

    14/01/2026

    «PARAHATÇYLYGYŇ ÝAŞ ÇAPARLARY»: V MÖWSÜMIŇ III SAÝLAMA OÝNY
    Magtymguly Pyragynyň rumyn dilindäki neşiri surady

    08/01/2026

    Magtymguly Pyragynyň rumyn dilindäki neşiri
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2026 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI