548
Maşgaladaky zulumyň öňüni almak we kriminalizasiýalaşdyrmak boýunça onlaýn seminary
2021-nji ýylyň 7-8-nji sentýabrynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasynyň guramagynda Aşgabat şäherinde “Maşgaladaky zulumyň öňüni almak we kriminalizasiýalaşdyrmak” boýunça onlaýn seminary geçirildi. Iki gün dowam eden onlaýn seminara Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasynyň Aşgabatdaky merkeziniň wekilleri we Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň, şeýle hem daşary ýurt döwletleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Seminaryň dowamynda Gyrgyz Respublikasyndan, Ukraina döwletinden gatnaşan wekiller maşgala zulumyndan goramagyň ulgamy we onuň milli we halkara derejesindäki subýektleri, maşgaladaky zulumyň öňüni almak babatda kadalaşdyryjy-hukuk namalaryň binýadyny ösdürmegiň esasy tapgyrlary hakynda özleriniň tejribeleri bilen içgin tanyşdyrdylar.
Şeýle hem, seminara gatnaşyjylar bu ulgamda döwletimiz bilen dostlukly gatnaşyklary alyp barýan Bolgariýa Respublikasynyň tejribesi bilen prezentasiýalar arkaly tanyş boldular. Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň wekili Şemşat Atajanowa ýurdumyzda hereket edýän “Keýik okara” jemgyýetçilik guramasy tarapyndan maşgala zulumuna garşy göreş boýunça alnyp barylýan işler barada prezentasiýaly çykyşlary gurnady. Halkara derejesinde geçirilen onlaýn seminara gatnaşyjylar degişli meseleler boýunça özara sorag-jogap alyşmak arkaly bu ugurdaky bilimlerini we tejribelerini has-da kämilleşdirdiler.
Hatyja DÖWLETNAZAROWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy fakultetiniň III ýyl talyby.