18/04/2023
1223
Maşgala mukaddesligine bagyşlanan okuw sapagy geçirildi
2023-nji ýylyň 10-14-nji apreli aralygynda paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň Milli Merkeziniň hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň bilelikde guramagynda maşgala mukaddeslikleri we nesiller dowamaty bilen baglanyşykly okuw sapagy geçirildi.
Geçirilen okuw sapaklarynyň her birinde aýratynlykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň professor-mugallymlary hem-de ýurdumyzyň hukuk goraýjy edaralarynyň wekilleri çykyş etdiler.
Täsirli geçen okuw sapaklarynda çykyş edenler oňa gatnaşyjy ýaşlara maşgala, çaga terbiýesi, milli däp-dessurlarymyz, zenanlaryň we erkekleriň psihologiýasy barada gürrüň berdiler. Mundan başga-da, öý-ojak, maşgala gymmatlyklary dogrusynda ýaşlarda oňyn düşünjeleri kemala getirmekde Gahryman Arkadagymyzyň eserleriniň ähmiýetini aýratyn nygtap geçdiler.
Gytja ATDAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň III ýyl talyby.