30/11/-0001
615
Magtymguly Pyragynyň ýetip gelýän 300 ýyllyk ýubileý toýy mynasybetli halypa-şägirtlik ýörelgesine bagyşlanan döredijilik duşuşygy
2021-nji ýylyň 30-njy noýabrynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň müdiriýetiniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de "Edebiýat we sungat" gazetiniň redaksiýasynyň bilelikde guramaklarynda aýdym-sazly halypa-şägirtlik döredijilik duşuşygy geçirildi. Bu dabara "Türkmenistan - parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany" ýyly, mukaddes Garaşsyzlygymyzy, hemişelik Bitaraplygymyzyň 26 ýyllygy we nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ýetip gelýän 300 ýyllyk ýubileý toýy mynasybetli guraldy.
Täsirli geçen döredijilik duşuşygyny Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň "Altyn asyr:Türkmenistan" teleradioýaýlymynyň "Paýhas synagy" bölüminiň müdiri Aknabat Klyçewa alyp bardy. Şeýle hem onda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy Akjemal Durdyýewa, Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewa, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Halkara meseleleri baradaky komitetiniň başlygy Mähri Bäşimowa, "Adalat"gazetiniň edebi işgäri Gurbanjemal Annakowa, "Watan" gazetiniň bölüm redaktory Çemen Annaberdiýewa, "Bereketli toprak" gazetiniň jogapkär kätibi Aýnabat Ataýewa hem-de ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinden döredijilik bilen meşgullanýan birnäçe talyp gyzlar çykyş etdiler. Döredijilik duşuşygyna biziň institutymyzyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň III ýyl talyby Tawus Akjaýewa hem gatnaşyp, Watanymyza, Gahryman Arkadagymyza, baky Bitaraplygymyza we mähriban enelerimize bolan ýürek buýsanjyny ajaýyp goşgulary bilen beýan etdi. Olara şahyr Gurbannazar Ezizowyň "Türkmen sährasy" atly kitaby ýadygärlik sowgat hökmünde gowşuryldy. Şeýle halypa-şägirtlik duşuşyklarynyň yzygiderli geçirilmeginiň döredijilik bilen meşgullanýan ýaş zehinleriň ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmekleri üçin uly mümkinçilik döredýändigini çykyş edenler aýratyn nygtap geçdiler.
Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar tarapyndan aýdylan "Arkadaga şöhrat!" sözleri belentden belent ýaňlandy.
Eneş ATAJANOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň III ýyl talyby.
Soňky täzelikler
23/11/2024
“MILLI MIRASYMYZ – EGSILMEZ GUWANJYMYZ”23/11/2024
Onlaýn okuw – usuly maslahaty geçirildi