Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
        • HALYPA MUGALLYMYŇ GATNAŞMAGYNDA YLMY-DÖREDIJILIK MASLAHATY GEÇIRILDI
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • BILIM ULGAMYNDA TÜRKMEN-ÝAPON HYZMATDAŞLYGYNA BAGYŞLANAN DUŞUŞYK
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • BÜTINDÜNÝÄ «BRAÝL» HARPLYGYNYŇ GÜNI
        • Halkara epidemiýa garşy taýýarlyk güni: ählumumy howpsuzlygyň kepili
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
        • Взгляд на 2026 год лидеров США, России и Китая
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Media
    Esasy / Habarlar / “Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasy: medeni we ynsanperwer ugurlary” atly tegelek stol maslahaty geçirildi
    “Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasy: medeni we ynsanperwer ugurlary” atly tegelek stol maslahaty geçirildi
    “Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasy: medeni we ynsanperwer ugurlary” atly tegelek stol maslahaty geçirildi
    “Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasy: medeni we ynsanperwer ugurlary” atly tegelek stol maslahaty geçirildi
    “Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasy: medeni we ynsanperwer ugurlary” atly tegelek stol maslahaty geçirildi
    27/03/2024

    1777

    “Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasy: medeni we ynsanperwer ugurlary” atly tegelek stol maslahaty geçirildi

    2024-nji ýylyň 27-nji martynda Russiýa Federasiýasynyň W.N.Tatişew adyndaky Astrahan döwlet uniwersitetiniň gurnamagynda türkmen halkynyň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli “Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasy: medeni we ynsanperwer ugurlary” atly tegelek stol maslahaty geçirildi.
    Mälim bolşy ýaly, 2023-nji ýylyň 11-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Russiýa Federasiýasynyň W.N.Tatişew adyndaky Astrahan döwlet uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Bu maslahata Astrahan oblastynyň daşary aragatnaşyklar ministrliginiň wekilleri, Türkmenistanyň Astrahan şäherindäki konsullygynyň wekilleri, W.N.Tatişew adyndaky Astrahan döwlet uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň professor-mugallymlary, talyplary gatnaşdylar.
    Tegelek stol maslahatyny açyp bermek bilen, W.N.Tatişew adyndaky Astrahan döwlet uniwersitetiniň prorektory Angelina Gennadýewna Fadin Russiýa Federasiýasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklar, türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň şygryýet älemi, ony öwrenmegiň wajyplygy hakynda belledi. Öz çykyşynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory, taryh ylymlarynyň kandidaty J.Ş.Gurbangeldiýew Magtymguly Pyragynyň döwründe türkmen-rus gatnaşyklary, XVIII asyrda Türkmenistanyň çäklerinde rus alymlary tarapyndan alnyp barlan ylmy-barlag işler dogrusynda, şeýle Astrahanda ýaşaýan türkmen kowçumlary, olar bilen ýurdumyzyň arasyndaky gatnaşyklar hakynda gyzykly maglumatlary beýan etdi.
    Maslahatyň dowamynda türkmen-rus gatnaşyklarynyň taryhy we şu güni, Magtymguly Pyragynyň pähim-paýhasa ýugrulan döredijiligi, akyldaryň şygyrlarynyň umumadamzat gymmatlygy hökmünde ykrar edilmegi, şahyryň şygyrlaryny rus diline terjime etmekde öz mynasyp goşandyny goşan alymlar we edebiýatçylar dogrusynda giňişleýin gürrüň edildi. Şeýle-de tegelek stol maslahatynyň çäginde oňa gatnaşýanlar gyzyklanýan ugurlary boýunça pikir alyşdylar. Maslahata gatnaşyjylar geljekde hem Russiýa Federasiýasynyň W.N.Tatişew adyndaky Astrahan döwlet uniwersiteti bilen Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmegiň wajyplygyny bellediler.

    Aýna BAÝMURADOWA,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň uly mugallymy.

    Soňky täzelikler

    WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI surady

    16/01/2026

    WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
    «PARAHATÇYLYGYŇ ÝAŞ ÇAPARLARY»: V MÖWSÜMIŇ III SAÝLAMA OÝNY surady

    14/01/2026

    «PARAHATÇYLYGYŇ ÝAŞ ÇAPARLARY»: V MÖWSÜMIŇ III SAÝLAMA OÝNY
    Magtymguly Pyragynyň rumyn dilindäki neşiri surady

    08/01/2026

    Magtymguly Pyragynyň rumyn dilindäki neşiri
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2026 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI