02/05/2024
713
Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan döredijilik duşuşygy
2024-nji ýylyň 1-nji maýynda Aşgabat şäherinde ýerleşýän Erkin döredijilik mekanynda «Garagum» žurnalynyň redaksiýasynyň we Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň bilelikde guramagynda beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan «Arzuwlan zamanaň geldi, Pyragy!» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Oňa halypa ýazyjy-şahyrlar, gazet-žurnallarda zähmet çekýän döredijilik işgärleri, şeýle hem Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde žurnalistika hünäri boýunça bilim alýan talyplar gatnaşdylar.
Bu döredijilik duşuşygynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragyny dünýä tanatmakda, onuň eserlerini ýaşlarymyzyň arasynda wagyz etmekde halkara derejesinde alyp barýan işleri dogrusynda çykyş etdiler. Şeýle hem duşuşygyň dowamynda talyp ýaşlaryň özleriniň akyldaryň döredijiligine bagyşlan şygyrlaryny ýerine ýetirmekleri çärä gatnaşyjylaryň ruhuny galkyndyrdy.
Beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk toýunyň toýlanyljak «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda geçirilen bu dabaraly çäre ýaşlary Magtymguly Pyragynyň doredijiligini has-da içgin öwrenmäge çekmekde we olaryň watansöýüji, päk ahlakly, kämil hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin uly many-mazmuna eýe boldy.
Aýsona AMANJAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň I ýyl talyby.