Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Habarlar / «Magtymguly, dile dessan getirdim» atly döredijilik bäsleşigi geçirildi
    «Magtymguly, dile dessan getirdim» atly döredijilik bäsleşigi geçirildi
    «Magtymguly, dile dessan getirdim» atly döredijilik bäsleşigi geçirildi
    «Magtymguly, dile dessan getirdim» atly döredijilik bäsleşigi geçirildi
    «Magtymguly, dile dessan getirdim» atly döredijilik bäsleşigi geçirildi
    «Magtymguly, dile dessan getirdim» atly döredijilik bäsleşigi geçirildi
    15/02/2024

    1705

    «Magtymguly, dile dessan getirdim» atly döredijilik bäsleşigi geçirildi

    2024-nji ýylyň 15-nji fewralynda Gündogaryň beýik akyldary, nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty tarapyndan yglan edilen «Magtymguly, dile dessan getirdim» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Bu bäsleşige ýurdumyzyň döredijilik we ylym bilen meşgullanýan raýatlary, ýokary okuw jaýlarynda bilim alýan zehinli ýaşlar Magtymguly Pyragynyň döredijiligine bagyşlap döreden hekaýalary, makalalary we goşgulary bilen gatnaşdylar.
    Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ösüşlere beslenýän Diýarymyzda bagtyýar türkmen halky dana, beýik söz ussady Magtymguly atamyzyň arzuwlan zamanasynda – berkarar döwletde ýaşamak bilen, nusgawy şahyryň döredijiligine, edebi mirasyna uly sarpa goýýar. Munuň şeýledigini ýurdumyzda geçirilýän döredijilik bäsleşikleriniň mysalynda hem görmek bolýar.
    Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda yglan edilen we «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda jemi jemlenen bu bäsleşigiň emin topary döredilen eserleriň döwrebaplygyna, çeper beýan ediliş we žanr aýratynlygyna üns berdiler. Bäsleşige hödürlenýän eserler «Iň gowy hekaýa», «Iň gowy makala», «Iň gowy goşgy» ady bilen bahalandyryldy.
    «Magtymguly, dile dessan getirdim» atly döredijilik bäsleşiginde birnäçe döredijilik zehinleri baýrakly orunlara mynasyp boldular. Olardan «Iň gowy makala» ugry boýunça 1-nji orna Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby Muhammetnur Mahtumow, 2-nji orna Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymy Bahar Ataýewa, 3-nji orna Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mugallymy Jennet Geldibaýewa, «Iň gowy goşgy» ugry boýunça 1-nji orna Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýüniň çagyryş boýunça harby gullukçysy Maksatmyrat Çaryýew, 2-nji orna Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby Didar Erkäýew, 3-nji orna Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby Bahargül Halytgulyýewa, «Iň gowy hekaýa» ugry boýunça 1-nji orna Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby Atamyrat Ýazweliýew, 2-nji orna Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby Ylýas Amangeldiýew, 3-nji orna Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby Söýli Hydyrowa, şeýle hem höweslendiriji baýraga Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby Jeýhun Jumaşow, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby Şirin Orazmyradowa, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby Sülgün Seýidowa mynasyp boldular.

    Laçyn MÄTJÄÝEWA,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara žurnalistikasy fakultetiniň I ýyl talyby.

    Soňky täzelikler

    Bütindünýä welosiped güni mynasybetli dabaralar geçirildi surady

    03/06/2025

    Bütindünýä welosiped güni mynasybetli dabaralar geçirildi
    HALKARA RUS DILINE BAGYŞLANAN BÄSLEŞIK surady

    03/06/2025

    HALKARA RUS DILINE BAGYŞLANAN BÄSLEŞIK
    ÇAGALARY GORAMAGYŇ HALKARA GÜNI MYNASYBETLI ONLINE  OKUW MASLAHATY GEÇIRILDI surady

    02/06/2025

    ÇAGALARY GORAMAGYŇ HALKARA GÜNI MYNASYBETLI ONLINE OKUW MASLAHATY GEÇIRILDI
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI