01/04/2023
779
“Let’s Speak Up” gurnagy öz işini dowam etdirýär
2023-nji ýylyň 1-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda bu ýokary okuw mekdebiň “Let’s speak up” gurnagynyň altynjy duşuşygy geçirildi. Bu duşuşyk “Movies” temasyna bagyşlandy.
Duşuşygyň dowamynda tema degişli wideoýazgy görkezildi we ara alyp maslahatlaşyldy. Gurnagyň agzalary dürli oýunlaryň we soraglaryň üsti bilen geçilen temany berkitdiler.
Şeýle-de çykyşlaryň ahyrynda gurnagyň agzalarynyň arasynda özara pikir alyşmak we söhbetdeşlik boldy.
Laçyn ANNAÇARYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary
fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.