701
“Let’s speak up” gurnagy öz işini dowam etdirýär
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýokary okuw mekdebini tamamlan her bir uçurym daşary ýurt dillerini bilmelidir. Şunuň bilen baglylykda daşary ýurt dillerini öwrenmegiň baş maksady sözleýiş endiklerini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, jemgyýetçilik-syýasy edebiýatlara düşünmek, şeýle-de hünärleri boýunça adalgalary özleşdirmegiň netijesinde erkin okamak, gürlemek endigini kemala getirmekden ybaratdyr. Daşary ýurt dilini öwrenilýän sapaklarda dilde gepleşik esasy meseledir. Durmuş ýagdaýlaryna degişli dürli temalarda gepleşigi ulanmak bilen, talyplaryň sözleýiş endiklerini ösdürmek mümkinçiligi döredilýär. Bu babatda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hereket edýän “Let’s speak up” gepleşik gurnagy talyplaryň geplemek endiklerini has-da ösdürmäge ýardam edýär.
2023-nji ýylyň 17-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda bu ýokary okuw mekdebiň “Let’s speak up” gurnagynyň dördünji duşuşygy geçirildi. Bu duşuşyk “Tehnologiýalar” temasyna bagyşlandy. Duşuşygyň dowamynda tema degişli wideo ýazgy görkezildi we ara alyp maslahatlaşyldy. Gurnagyň agzalary dürli oýunlaryň we soraglaryň üsti bilen geçilen temany berkitdiler. Şeýle-de çykyşlaryň ahyrynda gurnagyň agzalarynyň arasynda özara pikir alyşmak we söhbetdeşlik boldy.
Güljeren ATAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary
fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.