25/03/2023
671
“Let’s speak up” gurnagy öz işini dowam edýär
2023-nji ýylyň 25-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Let’s speak up” gurnagynyň bäşinji duşuşygy geçirildi. Bu duşuşyk “Hobbies” temasyna bagyşlandy.
Duşuşygyň dowamynda tema degişli wideoýazgy görkezildi we ara alnyp maslahatlaşyldy. Gurnagyň agzalary dürli oýunlaryň we soraglaryň üsti bilen geçilen temany berkitdiler.
Şeýle-de çykyşlaryň ahyrynda gurnagyň agzalarynyň arasynda özara pikir alyşmak we söhbetdeşlik boldy.
Muhammetnazar AMANDURDYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary
fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.