25/04/2023
1171
“LET’S SPEAK UP” GURNAGY ÖZ IŞINI DOWAM EDÝÄR
2023-nji ýylyň 25-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda bu ýokary okuw mekdebiň “Let’s speak up” gurnagynyň sekizinji duşuşygy geçirildi. Bu duşuşyk “Education” temasyna bagyşlandy. Duşuşygyň dowamynda tema degişli wideo ýazgy görkezildi we ara alyp maslahatlaşyldy. Gurnagyň agzalary dürli oýunlaryň we soraglaryň üsti bilen geçilen temany berkitdiler. Şeýle-de çykyşlaryň ahyrynda gurnagyň agzalarynyň arasynda özara pikir alyşmak we söhbetdeşlik boldy.
Güljeren ATAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.